guli_
04.05.2021 04:27
Durmuş näme?!



(Tymsal)

Günlerde bir gün bir adam durmuşyň manysynyň nämedigini bilmegi ýüregine düwüpdir...

Eşiden, gözläp tapan jogaplary oňa ýetmändir. Ýakyn-ýadynyň aýdany göwnüne jaý bolmandyr. Onuň pikiriçe, hökman bu sowalynyň anyk, makul garşylykly jogaby bolaýmaly eken. Soňra oba, şäher hatda ýakyn ýurtlara hem aýlanypdyr. Näçe köp wagt geçse-de, gözlegini bes etmändir.

Bir gün umydyny ýitirendigini pikir edip başlanynda, kiçijik obada duşan adamlary oňa:

‒ Şu garşydaky daglary görýäňmi? Şol ýerde garry adam ýaşaýar. Şoňa git! Belki, gözläp ýören soragyň jogabyny taparsyň ‒ diýipdirler.

Ýollary gaty kynçylyk bilen geçse-de, ahyry ýetipdir. Gapydan girenden soňra dana bilen birnäçe gürrüň edipdirler. Adam uzak wagtlap soragyna jogap tapyp bilmändigini aýdypdyr.

Dana bolsa jogabyny aýtjagyny, emma synagdan geçmelidigini belläpdir...

Ol kabul edipdir... Kiçi çemçäniň içine ýag guýup uzadypdyr.

‒ Indi git-de, haýatyň töweregine aýlanyp gel! Ýöne üns ber, çemçäňdäki ýagdan bir damja dökseň, synagdan geçmedigiňdir ‒ diýipdir. Adam aýlanyp gelipdir, çemçeden ýeke damjany hem dökmändir. Dana:

‒ Çemçäňdäki ýag azalmandyr, ýöne aýlanyp ýörkäň, üns berdiňmi? Haýat nähilidi?!

Adam haýran galypdyr...

‒ Men çemçeden başga hiç ýere seretmedim-ä...

‒ Bar onda ýene-de aýlanyp gel! Emma bu gezek haýadyň nähilidigini üns bilen görgün!

Adam çykyp görse, haýatyň ýakyn-daşyndaky gözellige, gülälek-güllere, bag-bakjalara jadylanan ýaly seredipdir. Yzyna gelende bolsa dana ýene hälki soragyny beripdir. Adam gören ajaýyplygyndan jadylanan ýaly bolandygyny aýdypdyr.

Dana ýylgyryp:

‒ Durmuş seniň nähili seredişiňe baglydyr. Eger-de bir nokada seretseň, durmuşyň owadanlygyny görmersiň. Haçan-da, ony synlamakdan lezzet alyp başlaňda bolsa, wagtyň nähili akyp geçenini hem duýmarsyň... ‒ diýipdir.
10
114
ideallider
4 May 2021
Gowy makala😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.