Dünýädäki geň-taňlyklar
Iň beýik ýel elektrik bekedi
Germaniýada hereket edýän ýel elektrik bekedi şeýle desgalaryň arasynda dünýäde iň ulusy we iň beýigidir. Onuň beýikligi 200 metr bolup, ol kiçiräk bir şäheri elektrik energiýasy bilen üpjün edip bilýär. Umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million dollaryna barabar bolan beket ýelli howada 7,58 megawata çenli elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydyr. Germaniýada kem-kemden ekologiýa taýdan arassa usulda öndürilýän elektrik energiýasyna geçmäge tarap ugur alyndy. Ýurtda 2022-nji ýylda iň soňky atom elektrik bekedi işlemegini bes eder. Şeýlelikde daşky gurşawy hapalaýan elektrik beketleriniň ornuna ekologiýa taýdan arassa, howany hapalamaýan elektrik toguny öndüriji desgalar işe giriziler. Olaryň arasynda ýel elektrik beketleri bardyr.
Iň ýeňil agaç
Balza ýer togalagynda iň ýeňil agaç hasaplanylýar. Ol Merkezi we Günorta Amerikada, Mekada, Kubada, Braziliýada, Peruda, Nikaraguada has köp duş gelýär. Aziýada balza diňe Hindistanda ösýär. Bu iň ýeňil agaç örän çalt ösýär. Onuň 7 ýylda esasy sütüniniň ýogynlygy 1 metre, boýy bolsa 20 metre ýetýär. Ol 15 ýylda ýetişýär we ondan soň özüniň ösüşini haýalladýar. Bu agajy çig görnüşde işlemek aňsat düşmeýär. Şonuň üçin ony guradyp, soňra peýdalanýarlar. Dünýäde balza bolan isleg örän ýokarydyr. Ýeňilligi üçin ol sport gurallaryny, gämileriň, uçarlaryň enjamlaryny taýýarlamakda giňden ulanylýar. Ondan dürli görnüşli mebeller hem taýýarlanylýar.
Stokgolm ― arassa şäher
Häzirki wagtda Ýer togalagynda ekologiýa taýdan iň arassa şäherleriň biri Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmdyr. Şäheriň häkimligi şäheri abadanlaşdyrmaga, ony arassa saklamaga uly üns berýär we bu möhüm işe uly möçberde pul serişdelerini sarp edýär. Şäherde howany, suwlary arassa saklamak işinde öňdebaryjy usullardan giňden peýdalanylýar. Şäheriň tutýan umumy meýdanynyň ýarysyna golaýyny baglar, güller tutýar. Şäheriň häkimliginiň esasy maksady şäheri ýangyç bilen işleýän ulaglardan we zyýanly galyndylar bilen daş-töweregi we howany hapalaýan önümçiliklerden halas etmekden ybaratdyr. Şu maksatnamany şäherde 2050-nji ýyla çenli durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Gün energiýasyny ýygnaýjylardan ýol gurulýar
Fransiýada asfaltyň ýerine Gün energiýasyny ýygnaýjylardan ýol gurmaklyk ýola goýuldy. Geçirilen barlaglaryň görkezen netijelerine görä, şeýle ýollar Gün energiýasyny toplap, ony peýdalanyjylara ugratmaga mümkinçilik berýär. Şeýle ýollar 18 tonna çenli agramly awtoulaglary götermäge ukyplydyr. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, 28000 inedördül metr meýdana goýlan elektrik toguny ýygnaýjylar arkaly sagatda 280 kilowat elektrik energiýasy öndüriler. Şeýle synag ýoly häzirki wagtda Fransiýanyň demirgazyk-günbatarynda gurulýar. ABŞ-nyň we Kanadanyň energetikleri we ýol gurluşykçylary hem bu usul bilen gyzyklanyp, şeýle ýollary gurdurmaga isleg bildirdiler. Geljekde ýol gurluşygynyň we elektrik energiýasyny ýygnamagyň üýtgeşik we ykdysady taýdan peýdaly usuly dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem peýda bolar.