😏😏😏😏
Söýgi näme bilýäñmi?! Ýanyñdakyny elýetmez bir hazynadyr öýtmek bilen, öz oýnatgylygyña göz ýetirmekligiñ arasynda geçen wagtdyr.
Kakamyñ iş stolynyñ üstünde hat goýup gaýtdym: "Öýüñ hojaýyny sen bolýan bolsañ, töle şu wi-fi -yñ pulyny. Ýok, hojaýyn men bolsam, onda maña pul ber".
100 gyzdan durmuşda ýetmek isleýän 100 arzuwyny sorap bilmedik... Sebäbi, 1-nji soran gyzymyz integem aýdyp dynmady.
12 ýaşlyja ýegenim facebook-da «Men häzirem goýup giden ýeriñde saña garaşýan.» diýip, paýlaşypdyr. Derrow aýal doganyma jañ edip: - «Ýegenimi nirde goýup gaýtdyñ» diýip, gaharlandym.(asyl ýegenim aşyk eken)