Dünýäde iň agyr kesel- pikir etmek endigidir. Bu keseliň hiç bejergisi ýokdur.
Sebäbi ynanmaýan zadymyza mümkinçilik bermeris. Mümkinçilik bermedigimiz üçin hem, üýtgeşik bir zada synanyşmaýandygymyz we öňünden bolmaz diýen pikir bilen garaýandygymyz üçin ilki başdan minus oçko bilen başlarys we başarmak üçin tagalla etmeris.
Şeýlelikde biziň üçin belkide haýyrly boljak maddy we ruhy kysmaty elden gidireris.
Mysal üçin:
" Hiç kim hakykatdan söýmeýär".
( Beýle ýagdaýda siz bilen tanyşyp, gatnaşyk gurmak isleýän adam barada hemişelik kelläňizde soraglar bolup, oňa ynanman özüňizden sowadarsyňyz).
" Bu iş riskli, emma köp gazandyryp biler. Ýöne meniň hiç edenim ugruna bolmaýar. Men muny oňarmaryn".
( Belkide bu iş saňa köp gazandyrjak işdi. Hiç risk etmedigiň üçin yeriňde galmaga dowam edersiňiz.)
Pikirleriňiz durmuşyňyza ýol görkezer saýlawlaryňyzy pikirleriňize, ynanýan we ynanmaýan zatlaryňyza görä saýlarsyňyz , saýlawlaryňyz hem durmuşyňyz bolar.
Şonuň üçin hem açyk pikirli bolmakdan, üýtgeşmelerden , risk almakdan gorkmaly dälsiňiz. ✨🌼✨✨