Yzygygider gaýtalanýan düýşler nämäni aňladýar?!
Siziň yzyňyzdan erbet niýetli biri kowalaýar. Siziň dişleriňiz dökülýär. Siz aşaklygyna gaçýarsyňyz ýa-da ýykylýarsyňyz. Taýynlanmadyk synagyňyz başlanýar. Bütin dünýädäki adamlar bulara meňzeş ýürege düşgünç, her gezek gaýtalanýan düýşleri görýärler. Geliň, indi psihologlaryň bu düýşler hakdaky düşündirişleri bilen tanyşalyň.
1. Siziň yzyňyzdan kimdir biri kowalaýar. Siz onuň zyýan ýetirmek isleýänini bilýärsiňiz. Näçe çalt ylgasaňyzam, nirede bukulsaňyzam duşmandan arany açmak başartmaýar.
Psihologlaryň aýtmaklaryna görä, düýşüňizdäki sizi yzarlaýan biri köplenç siziň özüňizsiňiz, siziň garşylyk görkezmäge gorkýan bölegiňizdir. Hakyky durmuşyňyzdaky dartgynlygyň sebäbini biliň. Göräýmäge bu meseläni çözmek gaty aňsat ýaly, ýöne ol sizden tutanýerliligi we mertligi talap edýär. Çözmegi kyn bolan meseläňizi ýa-da kän gowy bolmadyk häsiýetiňizi aradan aýyrmasaňyz, olar sizi yzarlamagyny dowam eder.
2. Siz aşaklygyna gaçýarsyňyz ýa-da ýykylýarsyňyz. Siz kä az salymlyk, käte uzak wagtlaýyn uçutdan aşaklygyna gaçýarsyňyz.
Bu dolandyryşy ýitirmek gorkusydyr. Aşaklygyna gaçmak size pese düşürýän wezipeden daşlaşmagy duýdurýar. Bu düýş köplenç stres sebäpli ýüze çykýar. Şonuň üçin psihologlar durmuşda käbir meselelerde özüňizi biraz rahat alyp barmagy maslahat berýärler. Ýene bir bellemeli zat, ukudan öň myşsalaryň dartgynlygyny (damar çekmeleri) aýyrmaly.
3. Siz örän wajyp synagda otursyňyz. Ýöne taýynlanmadygyňyz üçin tolgunýarsyňyz. Bir zatlary üýtgetmek üçin gaty giçdigini bileniňizden soň, lapykeç bolýarsyňyz. Bu düýş asyl siziň işlere pugta taýýarlanýandygyňyzy görkezýär. Siz öňüňizde kyn maksatlary goýýarsyňyz. Soňunda erbet netije görkezmekden gorkup mydama aladalanyp gezýärsiňiz. Ýöne, düýşüňizdäki synag alýan başga biri däl-de, siziň özüňiz. Haçan-da siz özüňizden gaty kän zady talap etseňiz, üstünlik gazanmagyňyza garamazdan özüňizi işi şowuna düşmeýän adam hasaplarsyňyz.
4. Düýşüňizde siziň dişleriňiz dökülýär (gaçýar) ýa-da owranýar. Aýna seredeniňizde dişiňiziň çüýrükdigini ýa-da gereginden artyk uzyn we betnyşandygyny görýärsiňizmi?
Bu ýagdaý özüňize bolan ynamyň peselýändiginiň alamatydyr. Düýşüňizde dişleriňiz döwülýän bolsa – hakyky durmuşda özüňize bolan ynamyňyz düýbünden pese gaçýar. Siziň özüňize berýän bahaňyz pes. Siz öz başarnyklaryňyza we güýjüňize ynanmaýarsyňyz. Siz özüňizi ynamly duýmak üçin özüňize ynanmaga derek beýlekilere bil baglaýarsyňyz.
5. Siz uçýarsyňyz. Bu ýagdaýa siz gaty begenýärsiňiz.
Adatça bu size abraýdan gaçyrýan jogapkärçiliklerden saplanandygyňyzy aňladýar. Siz çäklendirmelerden daşda, özüňizi guş ýaly erkin duýýarsyňyz. Muny özbaşdak döredilen erkinlik duýgusy diýip hasap edip bilersiňiz.
6. Siziň awtoulagyňyz dolandyryp bolmaýan ýagdaýa gelýär. Heläk bolmakdan gorkup awtoulagyňyzy saklamak isleýärsiňiz.
Düýşüň manysy – siz durmuşda, esasanam hünär saýlanyňyzda dogry ýoly tapmak isleýärsiňiz. Ýöne planlaryňyzy dürli ýagdaýlar (maşgala ýa-da tötänden dörän ýagdaýlar) sebäpli dolulygyna durmuşa geçirip bilmeýärsiňiz. Bu gutulgysyz heläkçilik biri bilen hökman dawaňyzyň boljakdygyny aňladýar. Boljak işe çäre ýok diýip oturmaň-da durmuşyňyzyň dolandyryp bilýän bölegiňize ünsüňizi jemläň. Başga adamlardan kömek soramaga çekinmäň, olar size “awtoulagyňyzy” dolandyrmaga kömek edip bilerler. Hakyky durmuşdaky käbir üýtgedip bolmaýan ýagdaýlary mertlerçe kabul ediň. Hemme zat siziň eliňizde däl, ýöne eliňizden gelenini ediň.
7. Siz gijä galýarsyňyz. Ýa-da bir ýere howlugýarsyňyz, ýöne ýetişip bolmajakdygyny bilýärsiňiz. Käwagt bolsa ýolda birnäçe päsgelçiliklere duçar bolýarsyňyz ýa-da biri size güýmäp ýoluňyzdan saklaýar. Siz sagada seredýärsiňiz we wagtyň azalýandygyny görüp howsala düşýärsiňiz.
Düýşüň manysy – sizde bir işi etmek üçin mümkinçilik ýok, wagt hem geçip dur. Size maşgala gurmak ýa-da hünäriňizi kämilleşdirmek üçin wagt ýetenok. Näme etmeli? Manysyz hereketleriňizi bes ediň. Çagalaryňyza eje bolup bilmejek gyz bilen duşuşmagyň näme manysy bar? Dogry çözgütleri saýlaň, şonda siziň wagtyňyz size degişli bolup başlar.
8. Siz köpçülik ýerlerinde özüňizi talabalaýyk egin-eşikde görmeýärsiňiz. Siz bu ýalňyşlygy düzetmek üçin jan edýärsiňiz. Beýleki adamlaryň hemmesiniň egin-eşikleri dürs ýagdaýda we olar size hiç hili üns bermeýärler.
Düýşüň manysy – siz özüňizi gowşak duýýarsyňyz. Siz täze işiňize we dostlaryňyza ynamly garamaýan bolmagyňyz mümkin. Durmuşda daş-töweregiňizdäki adamlara başarnygyňyzy görkezmäge çalşyň.