S_guvanjova
27.04.2021 20:22
Awstraliýada kengrularyň sany adamlaryňkydan köpmi?

Hawa. Awstraliýada kengrularyň sany tas adamlaryňda garanyňda iki essedir. Ýurtda 22 million adama 40 million kengru ýetýär. Bu bolsa, tas bir adam iki kengru diýmekdir.

Dogrumy ýa-da ýalňyş? Delfinler suwda dem alyp bilýär

Ýalňyş. Delfinler suwuň içinde dem alyp bilmeýärler. Delfinler kellesiniň ýokarsynda ýerleşýän deşikden yzygiderli howa almak maksady bilen yzygiderli suw ýüzüne galmaly bolýarlar. Şonuň üçin olar uzak wagtlap ýatyp bilmeýärler. Beýnileriniň diňe ýarysy dynç alar.

Kepderi nämeleriň nyşany?

Kepderi söýgüniň, parahatçylygyň we wepalylygyň nyşanydyr. Kepderiler bütin ömri boýunça şol bir ýanýoldaşy bilen galyp bilýän seýrek duş gelýän guşlardandyr. Şonuň üçin durmuş toý dabaralarynda kepderiler uçurylýar.

Guşlar uçarlar bilen deň belentlikde uçup bilermi?

Hawa. Ýöne muny diňe Rüppell atly guş başaryp biler. Merkezi Afrikada duş gelýän bu ýyrtyjy guş azyndan 10 müň metr belentlikde uçup bilýär. Bu bolsa ýolagçy uçarlarynyň uçýan belentligine deňdir.
7
125
guli_
27 Aprel 2021
👏👏👏👏👍
ideallider
27 Aprel 2021
Tũrkmenperi, üns bereniňize sagboluň🤗
S_guvanjova
27 Aprel 2021
IDEALLIDER,gyzyklanyp bilip size yetirerin hokman
ideallider
27 Aprel 2021
Ol guş ol beýiklige nämçün çykýaka🙄👍
Greenleaf
27 Aprel 2021
👍👍👍👍👍👏👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.