EBEDILIGE SIŇEN SUNGAT
Mundan ýarym asyrdan gowrak ozal, ýagny 1966-njy ýylyň başynda «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşürilen «Aýgytly ädim» çeper filmi ýurdumyzyň kinoteatrlarynyň ekranlaryna çykýar. «Aýgytly ädim» türkmen kino sungatynyň taryhynda ilkinji iki bölümli reňkli çeper film bolup, ol üç sagada golaý dowam edýär. Milli kino sungatymyz öz taryhynda guramaçylygy, surata düşüriş dowamlylygy boýunça şeýle çylşyrymly filmi entek döredip görmändi. 1964—1965-nji ýyllaryň dowamynda iki ýyllap surata düşüriş işleri geçirilen bu filmde 50-den gowrak esasy gahrymanlar çykyş edip, bäş müňden gowrak umumy wakalara köpçülik-mähelle gatnaşýar. «Aýgytly ädim» Türkmenistanyň medeni durmuşynda öň görlüp-eşidilmedik ajaýyp waka öwrülýär.
Aşgabadyň kinoteatrlarynda filmiň ilkinji görkezilişine dört günüň dowamynda 40000-den gowrak tomaşaçy gatnaşýar. Türkmen kino sungaty özüniň 40 ýyllyk taryhynda beýle üstünligi öň görmändi. Tomaşaçylar petek satylýan kassanyň agzynda daň atandan nobat belläp, filmi görmek üçin gelipdirler.
Türkmenistanda şol döwürde 2,5 milliona golaý ilat ýaşaýar. Bu filme bir ýylyň dowamynda tomaşaçylaryň 5 milliondan gowragy tomaşa edýär. Munuň özi «Aýgytly ädim» filmine bir adamyň 2-3 gezek tomaşa edendigini «Aýgytly ädimiň» ilkinji görkezilişinden bäri, ýarym asyr wagt geçipdir. Film dürli döwürleri we synaglary başyndan geçiren-de bolsa, ol häzirem tomaşaçylaryň iň söýgüli filmleriniň biri bolmagynda galýar. Ilki bilen filmiň üstünligi belli ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň meşhur romanynyň esas edilip alynmagydyr. Ikinji üstünligi bolsa, režissýoryň her bir keşbe jaýdar artistleri saýlap bilenliginde. Üçünjiden, türkmen kino sungantynda bütewi milli häsiýetli filmiň döredilmegidir.
«Aýgytly ädim» kinofilminiň baş režissýory Alty Garlyýew teatrda aktýor, režissýor bolup işlän döwri sahnada çykyş edýän kärdeşleriniň keşp oýnap biliş derejesini gaty gowy bilýän ekeni. Şonuň üçinem çeper filmdäki her bir gahrymanyň keşbi artistiň daş keşbine, içki ruhuna, zehinine laýyk gelýär.
Film türkmen halkynyň taryhynda bolup geçen 1916-1920-nji ýyllaryň dartgynly wakalary barada gürrüň berip, onda ynkylap döwrüniň öwrülişikleri täsirli şekillendirilýär.
Aýna bilen Artygyň päk söýgüsiniň ykbaly filmiň içinden eriş-ar- gaç bolup geçýär. Entek şu güne çenli türkmen kino sungatynyň taryhynda söýgi temasyna bagyşlanan filmlerde Alty Garlyýew ýaly Artyk bilen Aýnanyň gije pynhan duşuşýan söýgi duýgularyny estetiki taýdan päk, arassa, owadan, çuň duýga eýläp görkezen režissýor ýok diýsek, ýalňyşmasak gerek.
Şu filmde Alty Garlyýew özüniň zehinli aktýordygyny, ussat režissýordygyny hem-de ökde guramaçydygyny subut etdi. Ol Artyk Babalynyň gyzyllaryň tarapyna geçýän bedewli şekilleri surata düşürýärkä, sarç bedewleriň biri onuň aýagyna basyp, düýpli zeper ýetirýär. Lukmanlar ýara düşen aýagy bitýänçä Alty Garlyýewden kinony surata düşüriş işlerini togtatmagy haýyş edýärler. Alty aga lukmanlaryň haýyşy-ha däl, talabyny-da ýerine ýetirmän, dessine kinony surata düşürýän meýdança çykýar. Filmiň Gulluk hanly sahnalaryna tomaşa edenimizde, onuň gahrymany agsaýandyr. Ýogsam romanda-da Gulluk han agsak adam däl.
Milli kino sungatymyzyň halypasy Alty Garlyýewiň jöwher kimin lowurdap duran zehininden dörän «Aýgytly ädim» filmi bilen türkmen kinosy dünýäniň köp ýerinde tanalýar.
Film 1966-njy ýylda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde geçirilen II Bütinsoýuz kinofestiwalynda 2-nji ýeri «Özbekfilm» kinostudiýasynyň önümi «Ulugbekiň ýyldyzy» atly çeper film bilen (režissýory Latif Faýzyýew) paýlaşýar. «Aýgytly ädim» çeper filmi 1967-nji ýylda Hindistanyň Deli şäherinde geçirilen kinofestiwalda Bütinhindistan kinoassosiasiýasynyň hormatly baýragyna mynasyp bolýar.
«Aýgytly ädim» çeper filmine tomaşa eden hindi kinosynyň ussady Raj Gapur Alty Garlyýew bilen hemişelik dostlaşýar.
Şol döwürde «Aýgytly ädim» çeper filmi Moskwanyň kinoteatr- larynda bir hepdeläp, tomaşaçysy egsilmän görkezilýär. Türkmen kino sungatynyň taryhynda ilkinji gezek bu filmi Ýewropa ýurtlarynyň köp döwletleri satyn alyp, baş tomaşa jaýlarynda görkezýärler.
1966-njy ýylda filmi surata düşüren döredijilik toparynyň agzalary: romanyň awtory Berdi Kerbabaýew, filmiň režissýory Alty Garlyýew, operatory Anatoliý Karpuhin, Artygyň keşbinde çykyş eden Baba Annanow, Aýnanyň keşbinde çykyş eden Žanna Smelýanskaýa dagy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolýarlar.
«Aýgytly ädim» filminiň döredilenine ýarym asyrdan gowrak bolan hem bolsa, ol milli kino sungatymyzda gymmatyny ýitirmeýän nusgawy eserleriň biri bolmagynda galýar. Häzirki döwürde hem ýaş režiss- ýorlar film surata düşürmekde «Aýgytly ädime» salgylanýarlar. Kino toparynyň agzalary uly filme başlamazynyň öňüsyrasynda «Aýgytly ädime» tomaşa edip, ylhamlanyp, soň işe başlaýarlar. Diýmek, beýik halypanyň, belent kino sungatynyň nusgawy ýoly milli sungatymyzda döredijilikli dowam etdirilýär.
Gapbar HÜMMEDOW