Uzak wagtlap uklamasak, adamyň beýnisiniň temperaturasy ýokarlanýar we pikirlenmek ukyby peselýär.
Adam beýnisi takmynan 25 ýaşa çenli ösmegini dowam etdirýär.
Ortaça adam beýnisiniň 90% çenli peýdalanýar.
Beýniniň ululygy akyl derejesine hiç hili täsir etmeýär. Meselem:Eýnşteýniň beýnisiniň agramy bary-ýogy 1200 gramdan gowrak bolup, bu ortaça derejeden pes, ýöne ol şeýle zehinli bolupdyr.
Adam beýnisindäki ýagyň düzümi beýleki organlara garanyňda has ýokarydyr.
Beýnide nerw impulslary sagatda takmynan 440 kilometr tizlikde ýerleşýän neýron boýunça hereket edýär.
Pikirlenmek we akyl işi beýnä tälim berýär.
Beýni kislorod ýa-da glýukozasyz işläp bilmez.
Uky wagtyndada adamyň beýnisi işlemegini dowam etdirýär, hat-da oýa wagtyndan-da has güýçli işleýär.
Beýnide takmynan 100 milliard neýron bar.
Uly adamda ortaça beýni beden agramynyň 2%-ni tuýar.
Adamyň oňurga ýiliginiň massasy beýniden takmynan 50 esse azdyr. Pişiklerde we itlerde agramy deňdir.
Alymlar adam beýnisiniň ýadynyň göwrümini kesgitlemäge köpden bäri synanyşýarlar.
Taýýarlan:Guwanjow GUWANÇ,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.