Sesi gaýtadan işleýän kompaniýa “Aflorithmic” we “UneeQ” -niň sanly adam modelleri hünärmenleri Albert Einşteýniň sanly görnüşini döretmek üçin birleşdiler.Aýratynlygy,islendik soraga nädip jogap bermelidigini bilýär.
Albert Einşteýniň interaktiw modelini döretmek üçin afloritmiki hünärmenler sesini mümkin boldugyça takyk döretmek üçin taryhy ses ýazgylaryny öwrendiler.Şeýlelik bilen,zehiniň ýokary äheňli we nemes aksentiniň bardygyny bildiler.Ses klonirlemegiň adaty usuly ulanylanda kynçylyklaryň ýüze çykandygy bellendi.Sebäbi ýazgylaryň özi hili pesdi,aksent sebäpli Eýnşteýniň näme hakda gürleşýändigi hemişe düşnükli däldi.Şonuň üçin zehiniň sanly görnüşiniň sesi esasy aýratynlyklar bilen enjamlaşdyryldy,ýöne has düşnükli etdi.
Interaktiw modelde ulanylýan ulgam maglumatlary derňemäge we soraglara hakyky wagtda jogap bermäge ukyplydyr.Jogap bermek wagty 3 sekuntdanam az wagt alýar