Eýsem, dünýädäki iň uly üç stadion haýsylarka? Geliň, sowalymyza jogap bereliň!
1. Birinji maý Rungrado stadiony: Bu stadion Koreýa Halk Demoktarik Respublikasynyň Phenýan şäherinde ýerleşýär. Ol häzir dünýäniň iň uly stadiony hasaplanylýar. Stadion 114 müň tomaşaça niýetlenilendir. Gurluşygy 1989-njy ýylda tamamlanan stadionda halkara futbol duşuşyklary we iri sport çäreleri geçirilýär. Stadionyň umumy meýdany 207 müň inedördül metri eýeleýär.
2. Melburndaky kriket meýdany: adyndan hem belli bolşy ýaly, kriket ýaryşlaryny geçirmäge niýelenen stadionda Awstarliýadaky iri futbol duşuşyklary hem geçirilýär. Üýtgeşik dizaýny bilen dünýäniň başga hiç bir stadionyna meňzemeýän toplumda 100 müň 24 tomaşa niýetlenen orun bar.
3. Kamp Nau: bu stadiona 99 müň 354 tomaşaçy ýerleşýär. Ol Ispaniýanyň Barselona şäherinde ýerleşýän stadion «Barselona» futbol klubyna degişlidir. Taryhy maglumatlara görä, stadionyň gurluşygy 1957-nji ýylda tamamlandy. Bu ýerde 1989-njy we 1999-njy ýyllar aralygynda Ýewropa kubogynyň, Karolyk kubogynyň finaly, UEFA-nyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk ýaly köp sanly iri futbol duşuşyklary geçirildi.