guli_
19.04.2021 19:51
Haýwanat dünýäsinde



Ýer ýüzüniň haýwanlarynyň ilkinji atlasynyň düzülenine 400 ýyla golaý wagt geçdi. Şu aralykda Ýer ýüzüniň haýwanlarynyň 130 görnüşi ýitip gitdi.

* * *

Haýwanlaryň arasynda iň köp wagtlap suwsuz ýaşap bilýäni alakadyr.

* * *

Eşegarynyň uçuş tizligi sagatda 18 kilometr, teneçiriňki bolsa 96 kilometre deňdir.

* * *

Itleriň içinde tazy iň üşegen haýwandyr, şonuň üçinem sähel sowuk bolsa, endamy titräp ugraýar. Şol sebäpli ol köplenç ýapynjaly saklanylýar. Muňa garamazdan, ol itleriň içinde iň suwsaganydyr.

* * *

Gara möý iki ýyl iýmitsiz oňup bilýär.

* * *

Panda aýysynyň barmak yzlary adamyňka örän meňzeş bolup, olaryň tapawudyny hünärmenler kynlyk bilen anyklaýarlar.

* * *

Itler we balyklar örän duýgur jandarlar hasaplanylýar, olar hat-da ýeriň titremegini hem öňünden bilýärler.

* * *

Keýik owlaklary iki hepdeden soň enesiniň yzyna eýerip, ot iýip başlaýarlar.

* * *

Teneçir uly tizlikde uçup barýan hem bolsa, birden yzyna tarap uçmaga ukyplydyr.

* * *

Häzirki wagta çenli afrika pilini hiç kim eldekileşdirip bilmedi. Diňe hindi pilini eldekileşdirip bolýar.

* * *

Itiň käbir görnüşleriniň saýgaryp bilýän yslarynyň sany uçursyz kändir.

* * *

Kenguru 90 kilogram agramy bilen 8 metr beýiklige böküp bilýär.

* * *

Gunduzda ýörite gapajyklar bolýar. Ol suwda ýüzüp ýörkä gulagyna ýa-da burnuna suw degse, şol gapajyklar ýapylýar we ony goraýar.

* * *

Her ýylyň ýaz möwsüminde gurbaga mör-möjekleriň 10 müňe golaýyny awlap bilýär. Gurbagalar bu işi dili bilen ýerine ýetirýärler.
9
159
guli_
20 Aprel 2021
IDEALLIDER,Minnetdat siz yaly howes bn okayan okyyjylarymyz kop bolsunda🤗
ideallider
20 Aprel 2021
Gulnar_03, ýok beýledäl. Aslynda düşnüksiz jandarlar köp. Internetde şeýle bir jandara duşdum, ol esasan tilkä meňzeş, emma güjügede, pişigede meňzeýär. Özi bolsa aýylar maşgalasyna girýär! Howwa akyly bolmadyk mümkin güler, akyly bolan gyzyklanar🙂

Gulnar_03, ol jandar barada aýratyn mowzuk açaýaryn😊👍
guli_
20 Aprel 2021
IDEALLIDER,😄biri yokardaky yazanymy gorse gowy guler (masgara)😂
ideallider
20 Aprel 2021
Gulnar_03, ýok. Şol bir zat
guli_
20 Aprel 2021
IDEALLIDER,Yok ony bilyan ayry haywandygyny yone Panda bn Panda ayysy bir haywanmyka dp sona diydim😄
ideallider
20 Aprel 2021
Gulnar_03, ýok. Panda we Koala aýry jandarlar. Pandanyň barmak yzy barada birinji gezek duşupdym. Şondan gyzyklandym🙂
S_guvanjova
20 Aprel 2021
D.S,🤗👍👍
S_guvanjova
20 Aprel 2021
D.S,salam gich yagshy
guli_
19 Aprel 2021
IDEALLIDER,Howwa menzes Panda ayysy diyya yone ya ikisem bir zatmyka🤔
ideallider
19 Aprel 2021
Gulnar_03, men google-dan pandanyň barmak yzlaryny tapmadym. Emma koalanyňkyny we deňeşdirmelerini köp tapdym. Diýmek pandanyň hem barmak yzlary biziňkä meňzeş eken🙂👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.