guli_
19.04.2021 13:53
Muny bilmek gyzykly



Stambul iki kontinentde (Aziýa we Ýewropada) ýerleşýän ýeke-täk şäherdir.

***

Dünýäniň iň uly dag belentlikleriniň 25-sinden 19-sy Gimalaý dagyndadyr.

***

Kanadanyň kölleriniň sany tutuş dünýäniň beýleki döwletleriniň ähli köllerinden hem kändir. Bu döwletde 31752 köl bar.

***

Zeminiň iň gurak ýeri Antarktidanyň «Gury jülgeler» diýen ýeridir. Alymlaryň çaklamaklaryna görä, bu ýerlere 2 million ýyllap ygal düşmändir.

***

Ýer ýüzüniň tokaýlarynyň 25 göterimi Sibirde ýerleşýär.

***

Müsüriň meýdanynyň 90 göterimini çöllük tutýar. Ýaponiýanyň meýdanynyň 70 göterimini bolsa daglyk tutýar.

***

Sahara çölüniň tutýan meýdany Ýewropanyň meýdanyna barabardyr.

***

Panama Ýuwaş ummanynyň kenaryndan Günüň dogşuny, Atlantik ummanynyň kenaryndan bolsa Günüň batyşyny synlamak mümkin bolan ýeke-täk döwletdir.
15
92
Seydylla
19 Aprel 2021
Gaty gyzykly eken
Ovezova_
19 Aprel 2021
👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.