Gyzykly maglumatlar
Fransiýanyň Jaujak obasynyň merkezinden ýaşyl ýodajygy geçirip, Gaelle Willedary suratkeşleriniň topary bu oba syýahatçylyk we sungat maksatnamasynyň 10 ýyllyk ýubileýini bellemäge kömek etdiler. Munuň üçin, suratkeşler gadymy şäheriň köçeleriniň, takmynan, 420 metrinde jemi agramy 3,5 tonna barabar bolan gök otuň 168 haltasyny oturtdylar.
***
1952-nji ýylda Parižde doglan Bernar Pras häzirki zamanyň meşhur suratkeşi hasaplanýar. Ol zibilden, köne gap-çanaklardan, ýumşak oýnawaçlardan, şeýle hem eline düşen ähli zatdan belli bir keşbi döredýär. Siz suratkeşiň döreden bu şekilinde meşhur fizik Eýnşteýniň keşbini synlap bilersiňiz.
***
1953-nji ýylyň 29-njy maýynda Täze zelandiýaly Edmund Persiwal Hillari we Norgeý Tensing dünýäde iň beýik dag bolan Ewerestiň (8848 metr) depesine çykmagy başardylar. Olaryň bu edermenligini äleme ýa-da Aýa uçanlar bilen deňediler. Şol döwürde başga döwletleriň alpinistleri hem bu daga çykjak bolup synanyşypdylar, emma olaryň synanyşyklary başa barmandy. Ewerestiň çür depesinde Edmund we Norgeý BMG-niň baýdagyny dikdiler.
***
Fransiýanyň Menton şäherinde 79-njy limon festiwalynyň açylyşy boldy. Her gezek bu dabara mynasybetli Gün dogandan ýöriş bilen başlanýar. Şondan soň, şäheriň köçesinden miwelerden ýasalan şekilleriň dürli görnüşleri geçýär we tansçylar tans edýärler. Her ýyl bu festiwaly görmäge gelýänleriň sany 200 müňe golaýlaýar. Ýeri gelende aýtsak, dürli şekilleriň ählisi diňe limonlardan, apelsinlerden we mandarinlerden ýasalýar.
***
Beýik britaniýaly aşpez Heston Blumental Ginnesiň rekordlar kitabyna iň uly buzgaýmak taýýarlan adam diýlip girizildi. Buzgaýmagyň beýikligi 4 metre barabardyr.