17.04.2021
Alymlar süýt emdirýän aýallaryň iýmitinde etiň we peýniriň ähmiýeti barada gürleşdiler
Britaniýa Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary süýt emdirýän aýallaryň iýmitinde etiň we peýniriň ähmiýeti barada söhbet etdiler.
Hünärmenleriň pikiriçe,ene süýdi bilen çagalaryny iýmitlendirýän wagtynda aýallaryň iýmitine et we peýnir goşulmalydyr,bu çagalaryň saglygyna oňyn täsir eder.Bu maslahat gözleg bilen goldanýar.Onuň çäginde eneleriň iýmitlenmegi, öz gezeginde bäbeklikde emele gelýän nesilleriniň içege bakteriýalaryna nähili täsir edýändigini seljerdiler.Bu mehanizm iýmit siňdiriş ulgamynda patogen bakteriýalaryň ösüşini saklap biler.
Gözlegçiler, beýleki zatlar bilen birlikde, emdirýän enäniň iýmitden alýan ýaglarynyň iň täsirli bolandygyny anykladylar.Bu gözlegiň awtorlaryndan biri Dina Gibson, iýmitde doýgun ýaglaryň bolmagy,garry çagada ýokanç tebigatyň içege kesellerinden goragy gowulaşdyryp biljekdigini aýtdy.