guli_
15.04.2021 13:16
Öz gymmatymyz



Tanymal mugallymlaryň biri eline 20 dollarlyk banknoty alyp, öz seminar okuwyna başlady.

200 adamlyk zaly dolduryp oturanlardan:

– Şu puly kimiň alasy gelýär?–diýdi.

Oturanlar ýeke-ýekeden ellerini galdyrmaga başlanda, mugallym:

– Men şu puly siziň biriňize berjek, ýöne ilki, ynha şeýtjek – diýip, sözüni dowam etdi.

Kagyz puly elinde mynçgady-da:

– Size şu pul gerekmi?– diýip sorady.

Elleriň bary ýene ýokary göterildi. Bu gezek mugallym:

– A, eger beýdäýsem – diýdi-de, 20 dollary ýere taşlap, köwşüniň dabany bilen mazaly basgylady.

Muňa garamazdan, diňleýjileriň ählisinde henizem oňa eýe bolmak islegi bardy.

Mugallym şeýle diýdi:

– Dostlarym, şu ýerde bir möhüm zada göz ýetirdiňiz. Görşüňiz ýaly, men bu banknoty ne ýagdaýa salanam bolsam, ol size barybir gerek boldy. Ony başdaky täzeliginden nähili ýagdaýa getiren hem bolsam, eden hereketlerim gymmatyny gaçyrmady. Ol henizem 20 dollar.

Durmuşda birnäçe gezek gelen netijelerimiz ýa-da durmuşda ýüze çykýan ýagdaýlar zerarly köseneris, gynanarys, özümi otdan alyp suwa, suwdan alyp oda oklarys, özümizi ýaramaz duýarys.., garaz, nähili bolany ýa nähili boljagy möhüm däl, hiç haçan gadyrymyzy gaçyrmalyň.

Bolup biljek dogry ýa-da nädogry hereketler, kösençlik ýa-da göwne degişlik, bularyň hiç biri möhüm däl. Bizi söýýän adamlar biziň gymmatymyzy her wagt bilerler. Durmuşymyzyň gadyry näme edenimiz ýa kime duşanymyz bilen däl, özümiziň kim bolanymyz bilen bagly zat.

Sen aňrybaşy ajaýyp bolmalysyň, şuny hemişe ýadyňda sakla. Hemişe eliňde däl zatlar hakynda däl, nesip eden zatlar hakynda pikir et.

Bu soňky jümlelerden soň zalda el çarpyşmalar ýaňlandy.

Öz gadyrymyzy bileliň. Adamlaryň bolşy biri-birinden tapawutly we özüni tapawutlandyrýan gowy häsiýetleri bolmalydyr. Iş eşiklerimizi çykaranymyzda ýa-da wezipeden aýrylanymyzda, garran wagtymyz adamlar bilen tanyş, dost-ýar hökmünde gatnaşmalydygyňyzy unutmaň. Belki, şol wagt hakyky dostlugyň nämedigine göz ýetireris. Kimiň hakyky dost bolany, kimiň, hakykatdanam, siziň adamçylygyňyza, artykmaç häsiýetleriňize görä gatnaşýandygy, sylaýandygy şol pursatlarda belli bolar.
14
233
OgulgúlNazarova_
15 Aprel 2021
Dogry 👍👍👍👍👏
GARAHAN
15 Aprel 2021
Howesjen toporo nadip gosulmoly
jemal_seyitniyazowa
15 Aprel 2021
GARAHAN, salam meňem paýlaşýan post'larym goyulanok🤔
GARAHAN
15 Aprel 2021
Bir post goyson gutorayyalay basga post goyup bolonok nameden etyaka
Myhman Myhman
15 Aprel 2021
Dogry aydylypdyr👍👍👏👏🌹
Nazzydade
15 Aprel 2021
Hakyky
sahet_ashyrov
15 Aprel 2021
Hak aydylan sozler
guli_
15 Aprel 2021
GARAHAN,Edil ozi👏👏👍👌
GARAHAN
15 Aprel 2021
Dogry soyyan adam hemise herhili yagdaydada sen gadyryny bilmegi hokmandyr👌👍👍👍☝
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.