Hazar täsinlikleri
Hazar deňzi dünýäde iň uly ýapyk suw howdany, ýagny iň uly köl hasaplanýar.
***
Hazar deňzi Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşmek bilen, bu deňiz arkaly 5 döwlet özara serhetleşýär.
***
Hazar deňziniň çuňlugy 1025 metre we tutuş meýdany 371 000 km2 golaýdyr.
***
Hazar deňzi taryhyň dürli döwürlerinde 70-e golaý at bilen atlandyrylypdyr:
Girkan
Bahry-Hazar
Abeskun
Saraý
Derbent
Sihaý
Mazenderan
Hwalyn
Kaspi...
***
Hazar deňzi ýarymadalara we adalara baý deňizleriň biridir:
Apşeron
Maňgyşlak
Arhangaý
Buzaçi
Miangala
Düýp-Garagan...
***
Hazar deňzinde 50-ä golaý ada bolup, olara Aşyrada, Çeleken, Garasuw, Ogurjaly, Tüýlenli, Sengi Mugan, Çigil, Gum Zire, Daş Zire, Zenbil, Baku we beýlekiler degişlidir.
***
Hazar deňzine 130 sany derýa guýýar we olaryň esasylary Wolga, Terek, Samur, Ural, Emba, Kura, Etrek we Sefidrud derýalarydyr.
***
Hazar deňzinde haýwanat dünýäsiniň 1809 görnüşi anyklanylandyr. Olaryň 415 sanysy oňurgaly haýwanlara degişli bolmak bilen, balyklaryň 101 görnüşi duş gelýär.
***
Hazar deňzinde ösümlikleriň 728 görnüşi duş gelýär.