Dowamy...
Emma jamyň gyzyl, çäýnegiň gyzyl
Portsigaryň gyzyl, äýnegiň gyzyl.
«Näme üçin dälkä köýnegim gyzyl?»
Müň şükür,
Bir şony diýmeşiň besdir.
Ne ýasda görünýäň, ne-de bir toýda.
(Bilemok çal beýniň niçiksi küýde!)
Goňşyň ýas baglaýar, sen bolsa öýde,
Äpişgeden jyklap,
Gözleşiň besdir.
Daşyňdan seretseň – duran medeniýet
Boýnuňda galstuk, egniňde žilet.
Eýläňde žurnal dur, eliňde gazet,
Diňe tiražlaryn
Barlaşyň besdir.
Öýüňde heňläp dur
Bäş şkaf kitap –
Puşkin, Baýron ýatyr daş ýaly gatap,
Kerbabaýew dik dur iç-bagry tütäp...
Kitaplaryň diňe arkasyn sypap,
Saraýyň goýny dek
Synlaşyň besdir.
Okaýan kitabyň diňe bir Haýýam,
Şonam öz haýryňa ulanýaň, haýwan!
«Käte köpräk içsem, käýäýse aýal,
Diýýäň – şu şahyra
Daýanşym besdir!»
Ähli hereketiň hasaba görä,
Ýeke gymyldyň ýok ynsaba görä.
Diňe içen wagtyň,
kitaba görä
«Içip»,
Haýýamy-da aldaşyň besdir.
Güjügňi-de öz heňiňde jöwledýäň,
Pişigiň-de öz häsiýetiň öwredýäň.
(Goşgymy-da özüň ýaly ownadýaň!)
Eý goşgym, belent dur!
Ownaşyň besdir.
Şeýle pikirleri kalbyma gaplap,
Barýaryn mukama tenimi taplap.
Eý, mukam, dünýäni hapadan saplap
Bolmazmyka?
Jogap soraşym besdir.
Mukam jogap berdi: «Saplarys hökman!
Ýöne çabga ýagmaz ýyldyrym çakman!
Tutuş il-gün çaksa hiç zada bakman,
Hapa ýuwlar.
Kän-kän synaşym, besdir.
Hapalyk azlykdyr. Tämizlik köplük.
Ýagyberse – durmaz öňünde süplük.
Ýagmaýan adamyň nyrhy bir köpük.
Çak, ýag, göreş!
Guk-paňk oýnaşyň besdir!»
Onýança başlandy ýyldyrym urşy.
Birden şaglap geldi tomusyň ýagşy.
Diňse ýagşy,
guýsa ondanam ýagşy –
Ak ýagşy
Ak bagta deňeşim besdir.
Ýaplara gapgarlyp çöp-çalam, hapa,
Çagbanyň güýjünden döredi depe.
Ýene münder-münder ugrady çepe!
Gidiber!
Kenardan çogmaşyň besdir!
Çöpler bir-biriniň başyndan idip,
Kirler bir-biriniň üstünden ädip,
Gitdiler...
Dünýänem ýuwarys şeýdip!
Il güýjüne
Umyt baglaşym besdir.
Ýagyş ýagmasyny etdirýär dowam.
(Çabga, sende güýç bar, akylym haýran!)
Süllümbaý boldum-la! Hany saýawan?
Ýok gerek däl.
Kirden ýuwulşym besdir.
Megerem, gygyrsam:
«Ös, saçym, ös, ös!»
Maňlaýma saç biter. Seç, ýagmyrym, seç!
Saçym gögermedi. (Gögermänler geç,
Bir mahal
Telpegme sygmaşyň besdir!)
Ýagyş diňdi. Dünýä gül açdy niçik.
Äpişgeler açyk, işikler açyk.
Bütin şäher mawy ekrany açyp,
«Wagty» diňläp otyr.
Säginşim besdir.
Öýmüze çaltrak ýetmeli hökman.
Ýene-de nämeler tapdyka Ak tam?
Pentagon. Neýtron... Ertire çykman
Bir goşgy ýazmaly.
Äwmeşim besdir.
Ýetdim köçämize. Garaldy iňrik.
Çagalar çapyp ýör gök hyýar gemrip.
Olaryň şatlygna bolup deň şärik.
Gapa ýetenimi
Duýmaşym besdir.
Öýe girdim. Derrew towladym «Wagty».
Mawy ekran saçdy öýmüze ýagty.
Diýdi: «Eý, adamzat, geçirme wagty,
Erte giç bor.
Bidert ýaýnaşyň besdir! –
Asyryň aýagy – ullakan synag.
Dikeldi dünýäde iň elhenç sorag:
«Ýere miras goýjak nähili sylag –
Adammy, kerpiçmi? –
Saýlaşyň besdir!»
Soňra howa hakda sözledi diktor.
Tebigatyň erbet howasy ýokdur!
Gökden ajal ýagsa – şol hatarrakdyr.
Eý, Koen,
Ajala çagyrşyň besdir!
Wagşy neýtronyň wagşy atasy,
Belli dälmi saňa dünýäň kartasy?
Öýüň üçin däl-de,
Ýeriň ortasy
Üçin
wagşy ogul dogurşyň besdir.
Berline çen ölçäp garyşma-garyş
Ýigrimi milliony edipdik bagyş.
Şonça pida bilen öldürlen Uruş,
Ýene-de täzeden
Janlanşyň besdir!
Birdenkä ýene-de ýyldyrym çakdy.
Göýä bir okean topraga çökdi.
Ýeri aklyk tutdy. Garalyk akdy.
Gudrata
Demsalym aňalşym besdir.
Çabga kiparlady. Gepleşik tamam.
Gapynyň öňünde eşdildi salam.
Kim bolsaň-da derrew girewer myhman,
Bu dünýäde
Sensiz oňmaşym besdir.
Täze başlan goşgym gutarman ýatyr.
Bu gün ýazylmasa, ýazylar ertir!
Häzirlikçe eziz myhmanym otyr,
Gözlerinden
Gözüm sowmaşym besdir.
Ol gitdi. Ýene-de kakyldy gapy.
Ugradanym birdi, gelenler iki.
Birmi, onmy – deňdir myhmanyň ýüki,
Çydapdym, çydaryn,
Sag başym besdir.
Ätledi gapydan ýegendir ata.
Derrew gözüm düşdi attestat-hata.
Diýdi: «Hany şu ýyl gal-da gaýrata,
Ýegeniňi okat!
Ýaýdanşyň besdir!»
«Okuwlaň haýsyna girmekçi ýegen?»
«Köplük nirä bolsa, şo ýere-de men...»
Garalawjy boljak! «Oňardyň-ow sen,
Bu dünýäniň
Öňki sögüşem besdir.»
«Näm üçin şol ugra dyzaýar hemme?»
Ata gönüledi: «Gözlüje emme!
Sen o zatlar hakda pikire çümme,
Diýenime «Hoş» diý,
Bir «Hoşuň» besdir».
Diýdim: «Eltäýeli edebiýat, dile?»
Atasy ör turdy çemçesi bile,
«Bälçireme!» diýip, ýylgyrdy çala –
Ol ugurdan
Seniň çygylşyň besdir! –
Tapaly ýegene «süýtlüje» zähmet;
Seniň bu hünäriň duran bir mähnet.
Şonda-da jübiň boş, iýýäniň doň et,
Biz ýaşaly,
Seniň bogulşyň besdir!»
Ataň sözlerine bersem-de jogap,
Özi-de, ogly-da etmedi togap.
(Olar gitdi, ýene başlandy azap,
Ýazyber, üýtgeme,
Öz bolşuň besdir!)
Özüň üýtgeme-de, üýtgäni üýtget!
Şudur maňlaýyňa çyzylan kysmat.
Şony başarmasaň – gopgunňy bes et,
Kyrk ýyllap,
Bihuda samraşyň besdir!
Baş waspyň bolsa-da Gözellik, Gowluk,
Şeriň gapdalyndan geçmegin sowlup.
Oňa öz sözüňi aýtmaga howluk,
Aýtmasaň ol aýdar,
Giç galşyň besdir.
Watan, baýdak, söýgi, kommunist, il-gün –
Bu bäş sözi parhsyz heçjiklemegin,
Dil-de däl,
kalbyňda göterip bilgin,
Olardan
Howa dek dem alşyň besdir.
Şygryň bilen edip olara kömek,
Kömek soramagyn kömegňe derek.
Diňe mahal-mahal
sanjanda ýürek,
Il-günüňden
Kuwwat soraşyň besdir.
Ýagşymy, ýamanmy, şudur ýaraşyň,
Göwräň söýgüdendir, bolmaz gargyşyň,
Iň uly gargyşyň: «Päliň – ýoldaşyň!»
Özüňe-de
Päliň – ýoldaşyň besdir.
Arzuwyň –
Ýüz ýaşa bolmakdyr şaýat.
Ýöne uzak ýaşdan taparmyň myrat?
Dertlä em bermeseň, ejize kuwwat –
Ägirt betbagtlykdyr ýüz ýaş diýen zat.
...Il näçe ýaşatsa –
Şo ýaşyň besdir.
Kerim Gurbannepesow