guli_
14.04.2021 05:08
Dowamy...

Ili ýagy çapsyn – däldir parhyna,

Bir ýurdy ýer hopsun – däldir parhyna.

Gynanmak, guwanmak ýatdyr ruhuna,

Ony düwnük bilen deňeşim besdir.



Goşgym

çaga däl sen, sakgallysyň sen,

Murtuň towlap, orta çykmalysyň sen,

Kimi öpüp, kimi çakmalysyň sen.

Diňe şonda şahyr ykballysyň sen,

Ýogsa

Gara şaýa degmeşiň besdir.



Ýamanyň bagrynda döredip azap,

Ýagşynyň ýüregin nur bilen bezäp,

Hol barýan çokullak gyzlara meňzäp,

Dikgirdäň!

Köwşüňiz nallaşym besdir.



Ökjelerden gidip çüý dek formalar,

Döräpdir sagyrlak platformalar.

Şeýdiň-de arkaýyn ýöräň, durnalar,

Ýagşy zada

Sizçe begenşim besdir.



Deň ýarysy aşyk, deň ýary dogan,

WUZ-dan çogup çykdy ýüz gyz, ýüz oglan.

Gülgün köýnekli gyz, azajyk eglen,

Söz aýtjak!

Arzuwma meňzeşiň besdir.



Sagrysynda owlak gezibermeli,

Gözlerinde balyk ýüzübermeli,

Ýaňagyna goşgy ýazybermeli

Sen gyzy

Gelinlik belleýşim besdir.



Jaýyň içindenmi ýa-da astyndan,

Enäň sesi geldi ýeriň pestinden:

«Iki horjun puly okla üstümden!

Ýogsa gyz ýok! Pulsuz molaşyň besdir!»



Gorarys, enejan, gyzlaryň erkin.

Galyň diýen zadyň bereris merkin.

Belläp onuň

üçin,

ýedisin,

kyrkyn,

Soň bolsa,

Aşyndan doýmaşym besdir...



Geçdi gapdalymdan, ýüz oglan,ýüz gyz,

Ädimler edepli, gürrüňler eziz.

Ýöne näçe-näçe hile bar heniz,

Içine gir,

Daşdan synlaşyň besdir!



Salam berip geçdi tanyş bir gelin.

Bagry pide-pide, ýüregi dilim.

Eý, gelin,

asmana ýetýärkä eliň,

Söýgi bilen

Gurjak oýnaşyň besdir.



Ol ýigide seni çatmandy hiç kim,

Şepbik dek ýelmeşdiň.

Tirkeşdiň üç gün.

Dördünji gün derrew sypadyň saçyn,

Bäşinji gün

Eýýäm aldanşyň besdir.



Peseltdiň mukaddes mertebäňi sen,

Aýlap ýere çaldyň gyz jygaňy sen.

Indem

başa düşen pajygaňy sen

Içiňe sygdyrman,

Aglaşyň besdir.



Erkiň-ygtyýaryň, elbetde, seňki,

Ýöne weli dälsiň özüň özüňki!

Özüň – Watanyňky, Watan – biziňki.

Seni Watan kimin

Gabanşym besdir...



Gepledi Aşgabat. Ýaňlandy konsert.

Özgert, aýdym, gödek zatlary özgert!

Her gezek tenime girende bir dert,

Diňe seni diňläp

Sagalşym besdir.



Tutuş bagrym bilen guwanyp ýagşa,

Öýe ýetip barýan diň salyp bagşa.

Hiý, şu wagtam

signal bolar oguşýa!

Eý, maşyn,

Bimahal gugurşyň besdir.



Göter, Sahy bagşy, ýene-de göter,

Göter, Çuwal bagşy, ondanam beter.

Göterdiler. Serpaý haýsyna ýeter?

Bir serpaýy

Des-deň paýlaşym besdir.



Ikisi-de biri-birinden beýik.

(Beýikleň boýuny ölçemek aýyp!)

«Her haýsy bir dagyň örküji» diýip,

Goşa daga

Des-deň buýsanşym besdir.



Aýdymyň yzyndan ýaňlandy bir saz.

Bu niçik gudratka, bu niçik owaz?

(Mylly atam,

gowşat taryňy biraz.

Ogluňy jadylap

Gynaýşyň besdir).



Onýança ýaňlandy ne bir mukam.

Çalýanlaň ýüregi hazynamykan?

...Eý açgöz,

şuň ýaly baýlygmyz barkan,

Ýene baýlyk gözläp,

Aýnaşyň besdir.



Besdir mukam ýerne çişlik sygnaşyň,

Besdir alkyş ýerne gyzyl ýygnaşyň,

Besdir ili ütüp, gapa sygmaşyň,

Ynsabyňy satyp,

Ýognaşyň besdir.



Özüňki hasaplap il-günüň jübsün,

Sokjap, ýara edip döwletiň göwsün,

Dost-ýaran tutunyp adamlaň pisin,

Halallary

Adam sanmaşyň besdir.



Rüstemiň öňünde – billeriň orak,

Asgynyň öňünde – kamatyň derek.

Diňe agzyň gülýär, gülenok ýürek –

Çaňňalak dek

Sort-sort ýylgyrşyň besdir.



Jaýyňa seretseň – aňk edýär nagşy.

(Daşyn görýär, için bilenok goňşy!)

Ýaşaýyş jaýymy, Şasenem köşgi! –

Nämedigin

Zordan saýgarşyň besdir.



Derwezäniň öňi – giden çarbaglyk.

Şapyrdap ses edýär howzuňda balyk,

Gol çekip alýanyň näçeräk aýlyk?

Ortaça işçiňkä

Deňleşim besdir.
10
58
Gülhan
14 Aprel 2021
❤️...
Ovezova_
14 Aprel 2021
👏👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.