Dowamy....
Goý, ýaşlyk mährinden güýç alsyn ýürek,
Ikisin okap ber
bir goşga derek.
Okadym. Ýol ogly ýolunda gerek:
«Hoş, gyzlar,
Biderek güýmeşim besdir!»
Öýmüze ugradym. Şäher lälezar.
Müň bagtly ýigit bar, nowça läle bar,
Olar ne geýme zar, ne-de bala zar,
Guwanyp,
Giň köçä sygmaşym besdir.
Ak şäher gök baga basyrnyp otyr,
Ilerde Köpetdag keserlip otyr.
(Aşgabat tegelek asyrlyk otyr,
Ýene müň asyra
Gol berşim besdir!)
Gündizler abadan, gijeler tämiz.
Kempirler owadan, gojalar eziz.
...Gök gapyň agzynda gulpaklyja gyz
«Waý!» diýip gygyrdy.
Ylgaşym besdir.
Bir görsem murtluja dodagyn gemrip,
Ogly
atasyna çenäp dur ýumruk.
Ýigidiň ýumrugyn yzyna gaňryp,
Görejine bakdym:
Doňmaşym besdir.
Göreji buz ýaly, gaşlary gara.
Boýy iki metr, saçy üç sere.
Maşynyn dyrmalap seretdi ýere.
Ene hüňürdedi:
«Dogmaşyň besdir!»
Ata bir ah çekdi. Aýylganç dymdy.
(Erkekde beýle zat görmändim şindi!)
Şu nokatdan eýläk geçmäýin indi,
Siz gyýylmaň,
Meniň, gyýylşym besdir.
Ýöne men bir zady goýmaýyn kaza,
Ýogsa ýüregimde galar bir yza.
Ata el gatana
gözlense jeza,
Jezalaň
Ulusyn saýlaşym besdir.
Ýene ýola düşdim. Ýagtyldy köçe –
Göründi uzakdan aksakgal goja –
Miweli agaç dek eglip çalaja,
Gelýär ol,
Nurundan ganmaşym besdir.
Tanaýarmyň ýa-da tanaňokmy sen –
Bisalam geçmäge dälsiň hakly sen.
Saçyň çalarsa-da,
düýnki tokly sen.
Gudraty
Ýüzüňe sylmaşyň besdir.
Ugradym.
Göründi ýene bir güneş –
Ak saç ene gelýär ak bagta meňzeş.
Ýuwaş! Ýuwaş! Akja «Žuguli», ýuwaş!
Ene geçsin! Ýolun baglaşyň besdir.
Akja torbasynda käşirmi, sogan,
Ene gelýär! Öňün kesmek gadagan!
Nirä sürnüp barýaň, taksiçi dogan?
Dogranyň kimdigin
Bilmeýşiň besdir.
Çyralaryn ýakdy ýüz ýaşly şäher.
Gyzlaryň deminden döränmiş säher.
Ýöne säher
näçe bolsa-da ýeser,
Agşamy-da
Pesde goýmaşym besdir.
Hanha bir gyz gelýär
Sülgünmi, durna –
Gabaklary ýüpek, ýaňagy hurma.
Iň eziz, iň tanyş
ys urdy burna,
Baş Söýgimi ýatlap,
Köreşim besdir.
Gözleri-de tanyş, gaşy-da tanyş,
Giň alny-da tanyş, dişi-de tanyş.
On sekiz – on dokuz ýaşy-da tanyş,
Keşbin görüp,
Şagga derleşim besdir.
Ädiminde galp ýok, sözünde ýalan,
(Asylly enäniň sapagyn alan!)
Megerem, bir ýerden okuwa gelen –
Galam-depderinden
Çenleşim besdir.
Bir golundan tutup ýandaky joraň,
Ýag dek akdy gitdi. Açyldy aram.
Soraň, eý, agaçlar,
şo gyzdan soraň!
Keşbi tanyş!
Tanap bilmeşim besdir.
Agaçlaň birinden çykdy bir owaz:
«Şahyr, başky Söýgiň balasy şol gyz!»
Şo bada ýüregme girip bir nyýaz,
Esli wagt
Özüme gelmeşim besdir.
Bitipdir, ösüpdir enä mynasyp.
Gözler düýpsüz derýa, nury bihesip.
Söýjek ýigit,
sen bir galma binesip,
Sen jowranma,
Meniň jowranşym besdir!
Barýar topar-topar gyzlar-gelinler.
(Şäherliler hem-de myhman gelenler).
Söýgüden aglanlar ýa-da gülenler –
Haýsyňyz köp?
Size ýüzlenşim besdir.
Dymyp geçip barýar gözellik sili,
Her gözel – bir bagtyň sütüni ýaly.
(Sütünler saklaýar Watany, ili!)
Şolarsyz
Ýetim dek müzzerşiň besdir.
Joşup Gözelligiň tolkunna görä,
Ýöräber ýaşlygyň akymna görä!
Çokul diýen zat hem akylňa görä
Ykjar eken.
Ozal aňmaýşym besdir.
Öň ýanymdan barýar bir harman çokul.
Ýeňseden kükäp dur gözdäki akyl.
Ýanyndaky goç hem – duran bir nakyl!
Toraňňymy ýatlap,
Ýuwdunşym besdir.
Zyýany ýok! Söýüp gyzlaň naýbaşyn,
Öwrenipdiň dünýäň dürsün, ýalňyşyn.
(Söýmedige düşnüksizdir durmuşyň,
Söýen üçin –
Birje demalşyň besdir).
Dünýäde
şol Aýal sag gezip ýörkän,
Ýüregim daşdandyr, dagdandyr arkam.
Şonuň aýak yzy toprakda barkan –
Ýeri agyrtmaga,
Dözmeýşim besdir.
Mydam gözellige dikip nazarym,
Gödekligi nyşanama alaryn.
Myssarmaň, agsamaň, kapyýalarym,
Dim-dik ýöräň,
Size söýenşim besdir.
Bolsa-da myssyklyk, agsaklyk sende,
Eý, goşgym, bolmasyn biparhlyk sende!
Asmanyň astynda, ýeriň üstünde
Diňe
Biparhlardan eýmenşim besdir.
Maňlaýy bulutdyr. Nazary demir.
Gülküsi azapdyr. Ýylgyrşy jebir.
Ne-hä roman okar, ne-de bir şygyr,
Gözleriň görende
Demigşiň besdir.
Bir maýyp ýykylyp, köçede ýatyr.
Biparhlyk seredip, içerde ýatyr.
Ýürekde rehim ýok, gözde howatyr.
Ýüzüne bakaňda
Düwünşiň besdir.