Dowamy....
Söýgüsiz oňmandyr, oňmazam ýürek.
Ýöne gapdalynda ýigrenjem gerek.
Ogra-jümrä, egrä gelende gezek, –
Diýdi ol ýöwselläp,
Ýygrylşyň besdir!»
«Örän dogry! – diýdi yzdan bir gelin
Näm üçin henizem ýatanok galyň?
Agam on ýyl ozal karz alan pulun
Henizem üzüp ýör...
Duýmaşyň besdir!»
Arman, ne sülçi sen, ne-de prokuror.
Ýöne igenmäge gelniň haky bar.
Seniň söz diýilýän ötgür okuň bar,
Atjak-atjak bolup,
Giç galşyň besdir.
Şygyr atylmaly! Ýeňmeli şygyr!
Şoňa arkalanýar her köýen bagyr.
Döwrüň arkasyna düşen her ýagyr
Şondan em almaly!
Ýalňyşyň besdir.
Söýgä çürşen bolsa öýkeniň ýary,
Indi il derdinden çürşmeli bary.
Ykbalyňdan nalap çekmegin zary,
Şeýleräk täleý
Saýlaşyň besdir.
Şygryňy dokuz aý bagryňda sakla,
Şondan soň stoluň üstüne okla.
Gygyryp dogur-da,
gygyrman oka,
Doglaňda
Gygyryp dogulşyň besdir.
Uludyryn öýtme etseler taryp!
Kiçidirin öýtme peseltse görip!
Ne uly, ne kiçi, ne baý,ne garyp,
Tüýs baryp ýatany –
Şu bolşuň besdir.
Ýalaňaç, aç-suwsuz galmasaň gatap,
Soranlara diýseň: «Aý, bardyr bir tap...»
Bir stol, üç keçe; iki müň kitap –
Başga zat gerek däl,
Şo goşuň besdir.
Işläňde işleseň öz başyň bilen,
Gyşlaňda gyşlasaň öz gyşyň bilen,
Dişläni dişleseň öz dişiň bilen –
Gädijegem bolsa,
Öz dişiň besdir.
Diş hakda, ýaş hakda irräk-le heniz!
Seret, bagyň içi säher dek tämiz,
Han-ha iki gelin, ýene-de üç gyz
Saňa lak atýarlar.
Şu ýaşyň besdir.
Joralaň bäşisem misli gül-çeçek.
Ak gelin, seslendi misli ak ýüpek:
«Şahyr, büküljiräp ýöreme entek,
Sen garrama,
Dünýäň garraýşam besdir!»
Katdymy dikledim. Sowuldym ýoldan,
«Dinden çyk – diýlipdir – çykmagyn
ilden!»
Oturdym, gülüşdim... Perişde däl men,
Adamdan doglupdym.
Şo dogşum besdir.
Diýdiler: «Okap ber ýekeje goşgy!»
Okadym. Göterdi päkligiň yşgy.
Diňlenilýän wagty okanyň ýagşy,
Näziňi artdyryp,
Gomalşyň besdir.