Biziň goňşymyz Mars planetasy
Mars – bu Günden uzaklygy boýunça 4-nji orunda durýan planetadyr. Planetanyň göwrümi beýlekilere garanda uly däldir we ol Gün ulgamynda ululygy boýunça bary-ýogy 7-nji orunda durýar. Bu gyzyl planetanyň agramy Ýeriň agramyndan 11% azdyr.
Hemmelere belli bolşy ýaly, Ýerden başga ähli planetalaryň atlary Gadymy rim Hudaýlarynyň hatyrasyna dakylandyr. Mars planetasynyň ady Gadymy rimiň Hudaýy – urşuň Hudaýy «Marsyň» hatyrasyna dakylandyr.
Planetanyň iki sany tebigy hemrasy bardyr. Olar: Fobos (gorky) we Deýmos (ýigrenç). Bu atlar Aresiň ogullarynyň hatyrasyna dakylandyr (Marsyň Gadymy rim ekwiwalenti).
Mars planetasynda wulkany sönen Olimp diýip atlandyrylýan dag bar. Bu dag Gün ulgamynda iň uly dag hasaplanýar we onuň beýikligi 27 km deňdir.
2008-nji ýylda Mars planetasynda suw tapylypdy, emma temperaturanyň we basyşyň has pes derejede bolmagy sebäpli suwlaryň ählijesi diýen ýaly gaty haldady (doň ýagdaýda). Şeýle-de hem bolsa bu planetanyň kä bir ýerlerinde suw suwuk halda hem bolup bilýär.
Mars planetasynyň hemrasy Fobos onuň şeýle bir aşak töwereginden aýlanýar welin, ol oňa ýuwaş-ýuwaşdan ýakynlaşýar. Marsyň hemrasy Fobos Mars bilen ýene 10-20 million ýyldan çaknyşmagy hem ähtimal diýip çaklaýarlar.
Marsda bir gije-gündiziň uzaklygy Ýeriňkiden kän tapawutlanmaýar, ol 24 sagat 37 minuda deňdir. Emma marsda bir ýyl 687 gije-gündize barabar we ol Ýeriňkä garanda ep-esli derejede tapawutlanýandyr.
Şeýle hem Mars planetasynda azon gatlagy bolmany üçin ol her gün düşende günden ummasyz derejede radiasiýany kabul edýär.
Adatça Marsa goýberilen enjamlaryň üçden biri öz işini ýerine ýetirdi. Galanlary bolsa sebäpsiz ýagdaýda ýitdiler. Alymlar Marsda özüniň bermud üçburçlygy ýa-da älemde özüne ýakynlaşýan hemme zady ýuwudýän ägirt uly bokurdak bardyr diýip çaklaýarlar.
Mars planetasynyň Ýeriňkä garanda dartyş güýji üç esse pesdir. Bu bolsa Marsda adamyň Ýerdäkä garanda üç esse ýeňil boljakdygyny we bökende üç esse ýokary böküp biljekdigini aňlatýar.
Mars planetasyny1609-njy ýylda ilkinji bolup teleskopda gören adam Galileo Galileýdir.