BIR GARRYJA AÝAL gijäniň bir wagty öýüne dolanyp gelýärdi. Garaňky köçeleriň birinden geçip barýarka bir adamyň özüne tarap golaýlap gelýänini gördi. Özüni tijäp, birneme ekezlendi-de:
– Bu köçe ýaman garaňky, – diýdi. “Menem juda garrapdyryn. Maňa öýüme çenli ýoldaş bolup bilmezmisiňiz? Öýüm o diýen daşda-da däl”.
Ýat adam onuň haýyşyny kabul etdi. Öýüne çenli garry aýalyň ýany bilen ýöredi. Aýal ýat adama minnetdarlyk bildirip öýüne girjek bolanda ol adam onuň elinden ýapyşdy-da:
– Aslynda-ha men size minnetdarlyk bildirmek isleýärin – diýdi. “Sebäbi ýaňy siziň ýanyňyza baramda sizi talamak niýeti bilen barypdym. Ýöne siz şu güne çenli maňa ynanan ilkinji hem ýeke-täk adam bolanyňyz üçin ony edip bilmedim”.
Adam ýaňky sözleri aýtdy-da, ol ýerden uzaklaşyp, gözden gaýyp boldy.
(Don Smit)