Mähribanlyk we dostluk
Bir gezek Güneş bilen şemal öz aralarynda: «Kim güýçli?» diýip jedelleşipdirler. Şemal: «Men özümiň güýçlüdigimi subut ederin. Görýäňmi, hon-ha egni donly goja barýar? Men öz güýjüm bilen onuň egnindäki donuny senden öňürti çykardaryn» diýipdir.
Güneş bulutlaryň aňyrsynda gizlenipdir. Şemal bolsa, barha çalt öwüsmäge başlapdyr. Ol tupana öwrülýänçä öwüsse-de, goja donuny çykarmandyr. Gaýta, şemal näçe güýçli boldugyça ol donuna berk dolanypdyr. Ahyry şemal köşeşipdir-de, öwüsmegini bes edipdir. Şondan soňra Güneş bulutlaryň arasyndan çykyp, ýolagça mylaýym ýylgyryp bakypdyr. Goja ýolagçy Güneşiň ýyljajyk şöhlesine ýylapdyr-da, şadyýanlyk bilen egninden donuny çykarypdyr.
Güneş bolsa şemala garap: «Mähribanlyk we dostanalyk elmydama gahar-gazapdan we güýçden rüstemdir» diýipdir.