guli_
10.04.2021 00:25
Güýz barada



▶ Ýapraklaryň tänmegidir ýagyşlaryň has ýygy-ýygydan ýagmagy ýaly tebigy hadysalaryň agdyklyk etmegi netijesinde, güýz paslynda ynsanlaryň psihikasynda oňaýly üýtgeşmeler bolup geçýär. Şonuň üçin hünärmenler bu pasylda adamlarda gorky duýgularynyň has peselýändigini belleýärler.

▶ Güýzde ýapraklaryň gyzarmagynyň sebäbi, onuň ujundaky şekeriň bütin bölegine ýaýrap bilmeýändigi üçindir.

▶ Beýleki pasyllara garanyňda, durmuş toýlary güýzde has köp tutulýan eken.

▶ Miçigan uniwersitetiniň geçiren barlaglaryna görä, güýz paslynda ynsanlaryň ýürek kesellerine duçar bolmak howpy ep-esli azalýar. Hünärmenler munuň sebäbini güýzde adamlaryň bir sagat artyk ýatmak mümkinçiligine eýedikleri bilen düşündirýärler.

▶ Güýz paslynda saçlaryňyzyň has köp dökülýändigine üns berdiňizmi? Munuň sebäbi saçlaryň uzaýyş döwri bilen baglanyşykly. Tomus paslynda bedenimiz kelle derimizi Günden goramak üçin saçlarymyzyň has gür bolmagyny üpjün edýär. Güýz gelip, howa salkynladygyça bu zerurlyk aradan aýrylýar we saçlarymyz «telogen» atlandyrylan döwre girip, has köp dökülmäge başlaýar.

▶ Ekwatorda we onuň töwereginde hiç haçan güýz pasly bolmaýar.

▶ Awstraliýada we Täze Zelandiýada güýz resmi taýdan 1-nji martda başlanyp, 31-nji maýda hem tamamlanýar.

▶ Güýz-gyş pasyllarynda ynsan bedeni semremäge has ýykgyn edýär. Sebäbi Gün şöhlesiniň peselmegi sebäpli, D witamininiň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Bilşimiz ýaly, bu witamin bedenimizdäki artykmaç ýaglardan saplanmaga kömek edýär.

▶ Hünärmenleriň bellemegine görä, güýz paslynda doglan ynsanlar beýlekilere garanyňda has uzak ýaşaýarlar. Hünärmenler munuň sebäbini enäniň göwrelilik döwrüniň ir-iýmişlere we ýokumly elementlere baý bolan ýaz we tomus paslyna gabat gelmegi netijesinde dogjak bäbegiň has güýçli immunitet ulgamyna eýe bolýandygy bilen düşündirýärler.

▶ Bilşimiz ýaly, göç edýän guşlar gyşy ýyly ýerde geçirmek üçin güýzde ýola rowana bolýarlar. Bu babatda iň uzak ara uçýan guşlar Demirgazyk sumruglary bolup, olar 17 müň 700 kilometrlik ýoly geçýärler.

▶ Güýzde okuw möwsümi başlanýar. Ulularyň hem aglaba bölegi zähmet dynç alşyndan işe çykýarlar. Şol sebäpli sentýabr-oktýabr aýlary adamzadyň bir ýylyň dowamyndaky iň öndürijilikli döwri hasaplanýar.
9
269
guli_
10 Aprel 2021
GyzyklyMaglumatlar,Minnetdar😇🌷
guli_
10 Aprel 2021
YGurbanaly23,Minnetdar🤗
ylham_gurbanaly
10 Aprel 2021
Ajayyp mowzuk👏
guli_
10 Aprel 2021
AdyýokPlanyýew,Asyl niyetinde aytmak yoga bolya dusnukli mejburlyk bn hiczady etdirip bolmaz👍
AdyýokPlanyýew
10 Aprel 2021
Gulnar_03, ay sen yetisyan diydina😂😂🙄
AdyýokPlanyýew
10 Aprel 2021
Gulnar_03,😂😂😂sen edersinem.... aytdym pozzym gorup yetisdinmi suwat😂😂
guli_
10 Aprel 2021
AdyýokPlanyýew,Gars entak gerek.bolsa ozume 200manadada ederin gep bn basyny aylasan 😂....Ayt son reski poz
AdyýokPlanyýew
10 Aprel 2021
Gulnar_03,haa o maketleri obycnam gymmat edyalera... ay aydyp pozsam bolmazlay
guli_
10 Aprel 2021
AdyýokPlanyýew,Zdanya älem yada Yyldyz otel yada Asgabat alleya bara 1parkyn yanynda yada sol....Bilmedim mena su progdan basga proga giremok halamogam girmegi....ayt son poz😏
AdyýokPlanyýew
10 Aprel 2021
Gulnar_03,nadip dine sana aytmaly.. name yasatjak bolyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.