Greenleaf
09.04.2021 15:25
Megerem köpüňiz meşhur kino sagasy bolan " Сумерки" ( Ala-garaňkylyklar) filmi bilýänsiňiz. Kinosyny ýatdan bilýän bolmagyňyz hem mümkin. Ýöne men internet sahypalaryna esaslanyp siz üçin kinonyň düşürilişi barada gyzykly faktlary hödürleýän;
📌 kinonyň DVD görnüşinde çykan ilkinji güninde 3 mililondan hem gowrak egzemplýary satyldy we şeýle netije bilen ýer ýüzünde iň köp satylýan kinolaryň 5-ligine girmegi başardy;
📌 kinonyň kitabynyň awtory Stefani Maýeriň meşhur romanyny döretmegine onuň gije gören düýşi sebäp bolýar. Ol düýşünde gülli meýdanda wampir oglanyň adaty gyza söýgisini aýdyp duranlygyny görýär. Edil şol sahna hem " Сумерки" lentasynda düşürilip, iň owadan sahna bolmagyna galýar;
📌 kinoň 1-nji bölüminde mekdep balyna Bellaň geýen köýneginiň bahasy bary-ýogy $20 bolsa, Edwardyň kastýumy bolsa surata düşürilişiň dowamyndaky iň gymmat eşik bolmagyna galýar;
📌 Stefani Maýer öz romanynyň kinosynda surata düşmek mümkinçiliginden ýüz öwrüp bilmeýär. Çarli bilen Bellaň restoranda naharlanyp oturan wagtlary, olaryň ýeňsesinde gara saçly, gyzyl žemperli, noutbukly kofe içip oturan zenany görüp bileris. Şol hem awtoryň özi;
📌 iň gyzykly ýeri Edward Kalleniň keşbini ýerne ýetiren Robert Pattinsonyň " Сумерки" romanyny hiç hili okamanlygy we oň bilen gyzyklanmalygy. A Edwardyň roluna bolsa ol diňe Bellany oýnaýan Kristen Stýuwardyň aşygy bolany üçin gelýär;
📌 kinodaky Bella bilen Edwardyň okaýan mekdebi hakykatda bar bolan Kalama High School mekdebidir. Kristen Stýuward sýomka wagtynda hem şol mekdebiň okuwçysy bolup, hakyky orta mekdebi hem şol mekdebiň uçurumy bolup, filmiň 3- nji bölüminde öz gahrymanynyň hem okuwy gutarýan wagty gutarýar;
📌 Edwardyň uýasy Roziliniň keşbi üçin ilki Aýşwariýa Raý çagyrylypdyr. Ýöne ol özüniň bu film üçin eýýäm garry hasaplapdyr we roldan boýun towlapdyr;
📌 Stefani Maýer kitap ýazmanka öý hojalykçy eken;
📌 roluny döretmek üçin Pattinsonyň saçyny boýapdyrlar we her gün gözüne gara linza dakynypdyr. Öz göznüň reňki gök;
📌 Kallenlaň maşgalasy öz rollarynyň ynandyrjy bolmagy üçin birnäçe wagtlap ABŞ yň meşhur hareograflary bilen işläpdirler;
📌 kinolentaň 5 bölümi 3 ýyl we 3 aýda düşürildi;
📌 kinoň saundtregi bolan "Never think" we "Let me sign" aýdymlary Pattinsonyň özi ýazdy we ýerine ýetirdi. Şeýle hem "Bellaň hüwdüsi" sazyny hem onuň hut özi pioninoda ýerne ýetirýär;
📌 kinoň düşürilişinde 10 litr töweregi ýasama gan ulanylypdyr
📌 Bellaň roly bada bat Kristen Stýuwarda berilýär. Ýöne Edwardyň roly üçin 5 000 kandidat gözden geçirilýär;
📌 bu filmiň 1-nji bölüminiň režissýory Ketrin Hardwik bolup zenanyň režissýorlyk etmeginde iň meşhur bolan ilkinji film. Çykan badyna ilkinji dynç günlerinde film 69 million dollar gazanýar;
Goşmaça maglumatlary internetden okap görmegiňizi we "Bellaň hüwdüsi" ( Колыбельная для Беллы) diňläp görmegiňizi maslahat berýän. Bu ýerik faktlaryň ählisini sygdyryp bilmedim.
14
309
ideallider
9 Aprel 2021
Arazdurdyyewa_🌹, intsörf. Ok. Ýadymda saklaryn🙂
Ovezova_
9 Aprel 2021
IDEALLIDER, havarlasyp gor 🤗
Arazdurdyyewa_🌹
9 Aprel 2021
IDEALLIDER,gowy sen nm edyan maslahatymy edip gordunmi lyuboy aydym bln tpwudy yok
ideallider
9 Aprel 2021
Arazdurdyyewa_🌹, gowy. Özüň neneň? Ovezova_, dogurdanam tarif alsam belli režisýorlar bilen habarlaşyp göreriň🤩👍
Greenleaf
9 Aprel 2021
IDEALLIDER menem ynanýan 😉
Ovezova_
9 Aprel 2021
IDEALLIDER, cynnanam E.A-dan gowy kino cykar gyzykly
Arazdurdyyewa_🌹
9 Aprel 2021
IDEALLIDER,gowymy agam
ideallider
9 Aprel 2021
Greenleaf, Tipa meň eserimdä. Ýok düýşüme girmedi. Emma gowy kino çykjagyna hemmeler ynanýar🙂
Arazdurdyyewa_🌹
9 Aprel 2021
Greenleaf,👌👌👈
Greenleaf
9 Aprel 2021
IDEALLIDER synanşyp gör hany. Seniň ýaly pikirli düşünjeli häzirki zaman ýazyjyny menä intek göremok. Stefani Maýer hem öz hojalykçy wagty millioner bolaryn dp pikir edenok eken. Göwnüňe ýaranyna begenýän. Wiý, E A näme seňem düýşüňe girdimi ýa?

Tũrkmenperi,Gulnar_03,Arazdurdyyewa_🌹, halanyňyza begenýän. 3 hepdeden bäri şol kinoň kitaby iş boldy. Doly gutaranyma 3 gün boldam wn heniz hem şol täsirinden çykyp bilmän ýörşümdä 😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.