Aýyň syrlary
Aý – bu Gün ulgamyndaky adam aýagynyň basan ilkinji asman jisimidir. Ýeriň hemrasy bolan Aý yzygiderli ulanylýar, ýagny Ýerden teleskop arkaly we älem giňişliginden ýörite gurlan enjamlar arkaly gözegçilik edilýär. Ýöne alymlaryň aýtmagyna görä, düýpli öwrenildigisaýy, esasan hem, soňky 40 — 50 ýylyň dowamynda, Aý barada bilmeýän zatlarymyz azalman, tersine, onuň syrlary köpelýär.
Apollon maksatnamasynyň çäklerinde gözlegler geçirilenden soňraky döwürlerde Aýdaky gözlegler kem-kemden azalýar. Emma Aý özüniň täsinligi bilen haýran galdyrmagyny dowam edýär. 1994-nji ýylda Aýa goýberilen «Klementina» atly awtomat zonduň 400 km beýiklikden düşüren suraty has hem geň galdyryjydy. Şekiliň netijesinde Aýyň günorta ýarymşarynda käbir kraterleriň düýbünde doňan suwuň ýerleşýändigini alymlar anykladylar. Bu bir täzelikdi, sebäbi Aýda ýaşaýşyň ýokdugy tassyklanypdy. Sebäbi Aýda buzuň döremegi üçin hiç hili şertler ýok. Aýyň üstünde bir günüň dowamlylygy Ýerdäkiden 28 sagat uzyn. Bu wagtyň dowamynda Aý bütinleý Gün tarapyndan şöhlelendirilip durýar we onuň üstünde atmosfera ýok hem-de gyzgynlyk 122 gradusa çenli beýgelip bilýär. Onda Aýyň ýüzünde suw nireden emele geldikä? Bu soraga alymlar millionlarça ýylyň dowamynda Aýa düşýän meteoritler şol suwlary getiren bolmagy ähtimal diýip jogap berýärler. Suwlaryň ýarysy bugaryp, ýarysy hem katerleriň düýbünde doňan bolmagy mümkin diýip çaklanylýar.
Aýyň adamyň durmuşyna edýän täsirini hem birnäçe ylymlar öwrenýär. Göräýmäge, Aýyň adamlara hiç hili täsiri ýok ýalydyr. Hatda ol Ýer planetasynyň ýönekeý bir emeli hemrasy ýaly bolup görünýär, üstesine-de, Aý Ýerden 384 müň kilometr uzaklykdadyr we diametri bolsa 3476 kilometr, ýagny Ýerden 4 esse kiçidir. Ýer planetasynyň Aýy dartyşy ýaly, Aý hem Ýeri özüne dartýar. Aý aýlananda, ol özüniň dartyş meýdanyna düşýän ähli zatlary özüne çekýär.
Muňa aýdyň mysallaryň biri hem ummanlaryň, deňizleriň suwlarynyň joşmagy we yza çekilmegidir. Aý suwlary özüne dartanda, ummanlaryň we deňizleriň suwlary çekilýär, haçan-da Aý Ýerden daşlaşanda, suwlaryň joşmak hadysasy bolup geçýär we şeýle ýagdaýda sürtülme güýjüniň täsiri bilen, her gün planetamyzyň tizligi 0,00164 sekunt haýallaýar we öňki tizligine gaýdyp gelmeýär. 2000 ýyl mundan ozal Ýer ýüzünde dinozawrlaryň ýaşan döwründe bir ýylyň dowamlylygy 385 gün bolupdyr, bir günde bolsa 23 sagat bolupdyr. 4000 ýyl mundan ozal Ýer ýüzünde ösümlikleriň ýaňy peýda bolan mahaly, bir ýylda 405 gün we bir günüň dowamlylygy 21 sagat 30 minut bolupdyr. Mundan netije çykarsak, Ýeriň tizliginiň kem-kemden peselýändigi belli bolýar.
Öňdengörüjilik ukyplary bolan adamlaryň aýtmagyna görä, ýene-de bir üýtgeşik hadysalaryň biri hem Aýyň bize edýän täsiridir. Aý adamlarda, gahrymançylykly bir hereket etmäge hyjuwlandyryjy täsir edýär. Alymlaryň köpüsiniň çaklamasyna görä, Aý ýaşaýşyň dörejek indiki ýeri bolup durýar, ýöne fiziki ýaşaýşyň döremegi däl-de, ruhy ýaşaýşyň döremegidir. Häzirlikçe Aý muňa köp energiýa toplamak arkaly taýýarlyk görýär we ol energiýa çeşmesi hökmünde Ýerden, onda bolup geçýän hadysalardan peýdalanýar.