guli_
08.04.2021 19:26
Ümürem bulutmy?!



Ümür güýz paslynda has köp gabat gelýär. Sebäbi, bu pasylda howa toprakdan we suwdan has çalt sowaýar. Gijesine toprak sowansoň, ýere ýakyn howa hem sowaýar. Bu sowuk howa gatlagynyň çygly we has yssy howa bilen birigýän ýerinde ümür emele gelýär. Şäherlerde açyk meýdanlardakydan has köp ümür döreýär. Sebäbi şäherde awtoulaglaryň we binalaryň tüsseçykarlaryndan çykýan ýylylyk we bug ümrüň emele gelmegi üçin amatly şert döredýär. Şeýle hem howadaky çyglylyk mukdaryny sazlamaga ýardam edýän agaçlaryň we beýleki ösümlikleriň az bolmagy hem şäherde ümrüň döremegine getirýän sebäpleriň biridir. Dünýäniň käýerlerinde ümür hadysasy has köp duş gelýär. Şeýle ýerleriň biri Kanadanyň Nýufaundlend adasy hasaplanýar. Bu ýer Demirgazyk Polýusa golaý bolup, demirgazykdan günorta ýyly tarapa suwuň ýokarsyndan öwüsýän sowuk howa çygly howa akymy bilen birleşip, dykyz ümri emele getirýär. Bu ýerdäki sowuk suw howadaky çygyň mukdaryny has hem artdyryp, onuň içinde ownujak suw damjajyklaryny döredýär. Bu suw damjalary ýagyş bolup ýagjak derejede dykyz bolmaýar. Kähalatlarda deňizlerde we deňiz kenarlarynda ümrüň dykyzlygy artyp, azda-kände ýagyş çisňäp bilýär. Umuman aýdylanda, ümrüň bulutdan tapawudy, onuň Ýere golaý bolmagydyr. Bugdan ybarat bolan bu tebigy hadysa ýokarda emele gelse bulut, ýere ýa-da suwuň ýüzüne golaý bolsa ümür diýilýär.
8
87
Juwan
8 Aprel 2021
Sagbol umur barada paylashanlygyn un!
Ovezova_
8 Aprel 2021
👏👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.