guli_
07.04.2021 15:24
Soňky sütün



▶ Arnap agajy tutuş dünýä boýunça alanyňda-da örän seýrek duş gelýär. Şeýle bolansoň, Köýten obasynyň golaýyndaky kiçeňräk arnap tokaýlygy bada-bat ol ýere baran jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Agaçlaryň ählisiniň bir ugra egrelip ösüşi has-da täsindir. Çünki arnap agaçlarynyň bu görnüşi adamlary baş egip garşylaýan ýaly duýgyny döredýär.

▶ Bilermenler häzirki wagtda dünýäniň halklarynyň ýedi müňden gowrak dilde gürleýändiklerini aýdýarlar. Ýöne bu dilleriň ýüzde togsan göteriminiň ulanyjysy ýüz müňden geçmeýär. Maglumata görä, iň köp dil dürlüligine eýe bolan Aziýada iki müňden gowrak işjeň ulanylýan diliň bardygy çaklanylýar, Ýewropada bolsa bu görkeziji iki ýüze-de ýetmeýär.

▶ Göç edýän durnalar toýnuk gurap uçmak arkaly sarp edýän energiýalarynyň 23 göterimini tygşytlaýarlar.

▶ Rim imperatory Karl IV dörtlük sana hormat goýupdyr. Şol sebäpden hem ol ähli zadyň dörtden ybarat bolmagyny isläpdir. Onuň ýurdunyň dört paýtagty, dört sany köşgi, her köşgüň dört gapysy, dört penjiresi, hersinde dört stol, dört çyrasy bolupdyr. Hatda ol kellesine geýen täjini hem dört metalyň garyndysyndan ýasadypdyr. Ol dört dilde gürläpdir. Günde dört gezek dürli tagam iýipdir.

▶ Dünýäde guşlaryň hatarynda suwda iň çuň çümüp bilýäni imperator pingwinleridir. Olar iýmit gözlemek maksady bilen 255 metr çuňluga çümüp, takmynan, 18 minutlap dem alman saklanyp bilýärler.

▶ Guşlaryň ýumurtgalarynda kislorody özüne sorup, kömürturşy gazyny çykarar ýaly kiçijik gözenekler bar.

▶ Büreler öz boýlaryndan 150 esse beýiklige böküp bilýärler.

▶ Gülmek gaýgy garmonyny azaldyp, immunitet ulgamyny güýçlendirýär. 6 ýaşyndaky çaga günde ortaça 300 gezek gülýän bolsa, ulularda bu görkeziji 15-100 aralygynda üýtgeýär.

▶ Dünýäniň iň giň ýoly Braziliýada ýerleşýär. Ol ýolda keseligine 160 ulag bilelikde hereket edip bilýär.

▶ Howpsuzlyk kemeriniň ýolagçylaryň ýol heläkçiligine uçran ýagdaýyndaky agyr ýaralanma howpuny bolsa 50 göterim azaldýandygy bellidir.

▶ Adamyň kellesinden günde, ortaça, 70 müň piker geçýär.

▶ Towşanlar we totuguşlar kellelerini aýlamazdan hem arkalaryny görüp bilýärler.

▶ «Audi», «Skoda», «Bentley», «Bugatti», «Lamborghini», «Ducati» we «Porsche» ýaly awtoulag kysymlarynyň «Volkswagen» şereketiniň garamagyndadygyny bilýärmidiňiz?!
8
154
guli_
7 Aprel 2021
GyzyklyMaglumatlar,Minnetdar😇
Ovezova_
7 Aprel 2021
Myhman Myhman, sazlamalardan tygsytly tertibini ocurip adata goysanyz duzeler
Myhman Myhman
7 Aprel 2021
Suratlar gornenik nadip gormeli
ideallider
7 Aprel 2021
Gyzykly🙂👍
Ovezova_
7 Aprel 2021
Bir koskde bary yogy 4sanjak penjiresi bolupdyrmy 😲
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.