Ep esli wagtdan soñ gyz dillendi:
— Men Amanyñ toýuna barjekdäl.,sen şol gün meniñ ýanyma gelip git.Oña çenli hat ýazyp goýarn şony Selime eltip berseñ bolýar.
Annagül galyñ hatly bukjany gözöñüne getirdi.Bu habary eşiden Selimem öz ýanyndan,,Selbi onça günläp hat ýazjak bolsa,söýgisini goşgy bilen beýan etjekdirow,,diýip oýlandy.Ýöne Selbiden alyp gaýdan hatly bukjasynyñ garaşylanyndan has ýukadygna Annagül geñ galdy.Onuñ göwnüne bolmasa bukjanyñ içi boş ýalydy.Selim haty eline alyp ,hamana,özine degişli däl ýaly,bukjanyñ eýlesine beýlesine seretdi.Bukjanyñ bir gyrasyny ýyrtyp acmaga durdy.Eliñ aýasy ýalyjak kagyz patylap ýere gaçdy.Ýigit ony eline alyp okap başlady.:,,Alyp gaçaryn diýip kelläñede getirme.Gyz razy bolmasa sen ony ömürem alyp gaçyp bilmersiñ.Ene atañy iberip öñräjikden aladasyny etmeli ekeniñ.Indi giç,ene atam tanap,bilip ýören ýerimiziñ sözüni aldy.Seni her näçe gowy görenem bolsam,ýüregimden orun berenem bolsam.,ene atamyñ islegine garşy bolup bilmeýärin.Ene ata-mukaddes,bar zatdan hat-da söýgidenem ileri.Men olary ynjytmak islemeýärin.Sañada özümden müñ paý gowy gelniñ ýar bolmagny arzuw edýärin,,.!
Bölümiñ soñy.
Bir gün ene atasyndan geçip gelen gyz,bir gün geler sizdenem geçer.!