Gahrymanlaryň monology
Watan üçin söweş guran gerçekleň,
Mertlik bilen akdy gyrmyzy gany.
Ýat ülkede topragyna zar bolup,
Näbelli mazarlaň köpeldi sany.
Ol mazarlaň hersi bir uly ykbal:
Bir öýüň eýesi, bir öýüň başy.
Ýar gujagnyň mährin duýup bilmedik,
Täze gelen gelniň gerçek ýoldaşy.
Boý gyzlaryň ogurlanan arzuwy,
Gussalary ýaly gaýdyp gelenleň.
Eli degen hatyn okap begenen,
Köýen umytlary garry gelinleň.
Eneleriň ynamyna ýugrulan,
Näbelli ýorgudy atdyrlan pallaň.
Mertlik mekdebiniň nusgasy bolan,
Kakalary dogulmadyk ykballaň.
Näbelli mazarlar bir uly umyt,
Her kim ony özüniňki saýýandyr.
Minnetdar nesiller ýatlap elmydam,
«Watan gahrymany» diýip söýýändir.
Goja dünýäň gujagyndan ýer alyp,
Watançylyk mekdebine öwrülen.
Gahrymanlar ölmeýärler aslynda,
Ýatlamasy bolup geçen döwürleň.
Muhammet Bekgiýew.