—Näce ýyl bäri biri birimiziñ didaryna zar ,dünyämizde yşk ody yanyan hem bolsa,sen ene atamy razy etmek üçin bir ädim hem ätmediñ.,,Ibereýinmi?,,diyip,soran bolmadan başga....Emma siziñkiler gelmesede başga gelen kän boldy.Ine,şolaryñ biri bilen hem guda bolundy.Indi meñ toyumyñ sahedi belli.Şonuñ üçin maña garaşma,onda munda ideme—diyip,Selbi çalt çalt aýtdyda,saglyk öyünden çykyp gitdi.Selim galdy serim sal bolup.Oñ üçin indi kelebiñ ujy yitipdi.
Ony tapyp bilmeyänligi üçin gowy gatnaşykda bolan synpdaşy Annagüle ýüregindäkikerini aytdy.Yaydanybrak:
Selbini alyp gaçaýsam diyen pikirimem yok däl....
—Ai bilmedim....
—Ilde yok dälä.....
—Aý onda-da Selbi razy bolmaýmasa!—diyip Anngül öz pikirini daşyna çykardy.
—Razy bolmasa ,bolmasyn!Ýöne sen oña şol niýete münendigmi bir duýdur.Ine hepdäniñ altynjy güni synpdaşymyz Annañ toyy,şoña gelerä.
Selim şuny aýtdyda dymdy.Annagül:
— onuñ özi razy bolmasa alyp gaçyp bilmersiñ!—diyip Annagül Selimiñ bu işi başarmajagyny çürt ke aytdy.
—O taýyny maña goý.Özüm bir zat ederin.
—O iñ soñky çykalga däldirä.başga ýol ýokmy?!
—Aý...ene atasy eýýäm başga biri bilen guda bolanmyşlar.meniñ indi ene atamy ugradanmyñ haýry bolmaz.Ene atalar ylalaşmasalar,ýaşlara näme galýar?Gaçmak galýar.Soñra ene atalar çagasynyñ bagty üçin öýkelerini unudyp,yaraşmaly bolýar.Bu durmuşda bolyan zada.
—O diyeniñ dogry,iki tarap yrza bolsa....Ýöne Selbi beýle iş etmez....
Selim Selbisiz galyp barýan ýaly,,Sen bir beyle gürlemese,,diyip Annagüle gatyrgandy.Soñra:
—Bu barada başga biriniñ ýanynda dil ýaraýmagyn,haýyş!—diydi.
Annagül Selime ýok diyip bilmedi.Sebäbi olar goñşy ýaşap,şeylede bir synpda okan,bir dogan yalydylar.Şonuñ üçin ol yigdiñ arzuw niýetini gyza aýtmana howlukdy.Selbinin otagynda ikiçäk galan batlarynda Annagül näme maksat bilen gelenini mälim etdi.Selimiñ aydanlaryny sözme söz oña aytdy.
Selbi gaty giñ bolmaly.OL Annagüli sesisini çykarman diñledi,dessine bir söz diyibermedi.Ep esli wagtdan soñ gyz dillendi:
2-nji bölümiñ soñy.
Yazyjy: Akmuhammet Hemidow.