Barma diylen ýere gaýtadan baryp,
Tertipsiz oturyp ikilik alyp,
Tahýany papkanyñ içine salyp
Gezyärdik tahýasyz mekdep ýyllarym.
Bir-birege gyzykly sözler diýîşip
Kellämiz boş ýöne prosta çişip
Sapak wagtlarynda bile gülişip
Oturardyk ýöne mekdep ýyllarym
Mekdebe baranda dar balak geýip
Çalyşdyr diýlende başga ýok diyip
Kabinete baryp taýagy iyip
Ertesi giň balak geýen mekdebim
Gezyärdik saçlary örän ösdirip
Zawujy göräýsek üstin basdyryp
Gorkunjyña znaçogy gysdyryp
Gezyärdik hezildi mekdep ýyllarym
Bahana gözlärdik gijä galaýsak
Gündeligi ýyrtýas ikilik alaýsak
Sapaklara gijä galyp baraýsak
Durardyk gapyda mekdep ýyllarym
Mugallymlar gygyrýardylar bize
Sapakda telefon oýnama diýp
Gulak asman oýnap bulkajyk iyip
Oturýardyk ýada düşdi mekdebim
Gözümizde uky gijä galýardyk
Eydip-beýdip aldap baha alyardyk
Geýme diýlen zady geýip barýardyk
Gyzyklydy örän mekdep ýyllarym
Zawuçdan gaçardyk synpa ylgaşyp
Telefon soranda derrew gizleşip
Gidenden soñ täzeden ýene birleşip
Oýnaýardyk telefon mekdep ýyllarym
Znaçok dakmasañ mekdebe gelme
Tahýañy çykarma rugsatsyz gezme
Meni aldap ýalan bahana düzme
Diýip gygyrýarlar mekdep ýyllary
Temany bilmesek ýere bakýardyk
Gara galstuk diýse gögüni dakýardyk
Sapak wagtlarynda ýene ýatýardyk
Örän gyzyklydy mekdep ýyllarym.