ylham_guwanjow
03.04.2021 21:44
100 ýyldan hem köp wagtdan bäri ylymda, edebiýatda adamzat üçin peýdaly işleri bitiren
adamlar Nobel baýraklary bilen sylaglanyp gelinýär. Nobel parahatçylyk baýragy halklaryň
agzybirligi üçin dürli kynçylyklara garşy göreşen, goşunlary azaltmak üçin elinden gelenini
eden, bu ugurda janyny gaýgyrman iş alyp baranlara berilýär. Ýöne Alfred Nobeliň we Nobel
baýraklarynyň känbir aýdylmadyk we müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan garaňky
geçmişi bar.
Alfred Bernhard Nobel 1833-nji ýylda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde dünýä inýär. Kakasy
Immanuel Nobel bolsa tutuş ömrüni maddy göreşlere sarp eden oýlap tapyjy we inžener
bolupdyr. Ahyrsoňy işinden arza ýazyp çykmaga mejbur bolan Immanuel Şwesiýany taşlap,
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherine göçmeli bolýar. Oýlap tapan zatlarynyň biri bolan
deňizasty partlaýjylary zerarly ol şol ýere ýerleşýär.
Ondan soňra aýalyny we 8 çagasyny hem Sankt-Peterburga göçürýär. Ogullaryna güýçli
bilim berýär. Ogullaryndan Alfred düýpli rusça bilim alýar. Birnäçe dili suwara bilip, himiýa,
fizika, poeziýa we tebigy bilimlerde kämilleşýär.
Emma garry kakasy Alfrediň poeziýa bolan höwesini göwnemän, ony himiýa we inženerlik
ugurlaryndan bilim almagy üçin daşary ýurda ugradýar. Parižde okaýarka, 1847-nji ýylda
nitrogliserini oýlap tapan italiýan Askanio Sobrero bilen tanyşýar. Nitrogliserin azotnokislyý
we kükürt kislotasynyň birleşmesiniň gliserin bilen reaksiýasynda ýüze çykýan güýçli
partlaýjy suwuk himiki maddadyr.
Tradegiýadan dörän innowasiýa
Nitrogliseriniň tejribede ulanylyp görülmegi üçin howply bolsa-da Nobeliň maşgalasy munuň
potensial ulanylyşyny derňäp kommersiýalaşdyrmaga synanyşýar. Russiýa Şwesiýada işleri
alyp barýar. Ýöne boljak iş bireýýäm bolýar. 1864-nji ýylda Alfrediň iň kiçi dogany Emil we
ýanyndaky işdeşleri Şwesiýadaky fabrikde ýüze çykan partlamada heläk bolýarlar. Şonda-da
bu betbagtçylyk Alfrediň nitrogliserini howpsuzlaşdyrmak üçin edýän synanyşyklaryna
päsgel berip bilmeýär. Nätse-de edeni ugruna bolubermeýär. Soňky “partlaýjy ýag” ýasamak
üçin nitrogliserini we därini garyşdyranda ýüze çykan partlamada San Fransiskodaky
ammarda 15 adam heläk bolýar.
1867-nji ýylda Nobel iki atomly toprak bilen nitrogliserini birleşdirip, taýajyk şekiline salyp
boljak bir bölek oýlap tapýar. Nobel bu açyşynyň patentini alyp, oňa grekçe “güýç” sözüni
aňladýan dinamit adyny dakýar.
Dinamitiň tapylmagy magdanda, gurluşyk senagatynda ewolýusiýa döredýär. Munuň
saýasynda demir ýollary üçin daglary howpsuz ýagdaýda ýaryp, ýol ýasap bilýärler. Netijede,
Nobel 355 patente eýe bolan birnäçe açyş edip, uly emläge eýe bolýar.

Dinamit ilki peýdaly maksatlar üçin ulanylsa-da, gysga wagtyň içinde uruşlarda ulanylmaga
başlanýar. Ispaniýa-Amerika söweşinde dinamitli partlaýjylaryň ulanylmagy bilen dinamit
uruş ýaragy ýaly görlüp başlanýar. Nobeliň bu uruşlarda dinamit ulanmagy goldapgoldamanlygy anyk bilnenok. Onuň parahatçylygyň tarapdary bolandygy aýdylýar.
Munuň bilen birlikde, 1888-nji ýylda dogany Ludwidiň aradan çykmagy bilen adamlaryň öz
açyşy hakynda näme pikir edýändigine göz ýetirýär. Alfrediň dogany üçin beren ölüm
habarynda käbir žurnalistleriň goýberen ýalňyşy bilen özüniň ölüm habaryny berendigi ýüze
çykarylýar. Hatda bir fransuz gazeti ol barada “Le marchand de la mort est mort”,
ýagny “ölüm täjiri” diýip ýazdy. Bu ölüm habarynda Nobeliň adamlary has çalt öldürmek
üçin niýetlenen täze açyşlaryndan baýaýandygy ýazylypdyr.
Nobel bu habarlary okap özüni ýitirýär. Netije hökmünde mirasyny oňat işler üçin ulanmaly
diýen karara gelýär. 1896-njy ýylda ölmezinden bir ýyl ozal iň soňky hyýalyny amala aşyrýar.
Alfred Nobel emläginiň köp bölegini bäş kategoriýa boýunça Nobel baýragynyň berilmegi
üçin bagyş edýär. Nobel baýraklary şu günki günde lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat
we parahatçylyk ugurlary boýunça gowşurylýar.

Çeşme: ylymly.com
8
193
Myhman Myhman
4 Aprel 2021
salam halk gic yagsy
Ovezova_
3 Aprel 2021
Myhman Myhman, sizede Salam keypinemi 🙄mara
S_guvanjova
3 Aprel 2021
Birinji gezek ovrenmelide hic kim yook gaty ic gysma 😔😔😔name ucin birden hemmaniz yitirim boldynyz
Myhman Myhman
3 Aprel 2021
Salam owezowa mara gelin
Ovezova_
3 Aprel 2021
Guwanjow, ha nm bolly 🙄🤔
S_guvanjova
3 Aprel 2021
Guwanjow,hoves gacmasyn hic hacan dine one diy okasan gelejekde bir hunarin eyesi bolarsyn insalla okamakdan hezil zat yoga.Ovezova_,mm bolyala
Ovezova_
3 Aprel 2021
Tũrkmenperi, aý biraz bashagaylyk sugunler sonnandyr Guwanjow, mennemi yok sol onki onkilik
S_guvanjova
3 Aprel 2021
Ovezova_,Mm bolya duyn gorinmedin

Guwanjow,okuvlar gul yaly senki neneñ yadadanokmy
Ovezova_
3 Aprel 2021
Tũrkmenperi, bizem boljak Hudaya shukur
S_guvanjova
3 Aprel 2021
Ovezova_,govy hudaya shukir ozin neneñ.Guwanjow,govmy ozin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.