safia
02.04.2021 06:22
Iki ýyl gulluk Selim üçin iki gün ýaly bolup geçip gitdi.Gullukdan gelenini hemmeden öñ Selbä buşlady.Selbi bu habara,,agyr ýeñil,,bolup durmady.Tersine şu gün bir iş bilen saglyk öýüne barjakdygyny aýtdy.

Selim bilen Selbi mekdepde okap ýören döwürleri ilden ogrynça biri birine seredip başapdylar.Mekdebi tamamlarynda bolsa,olaryñ halaşandygyny diñe synpdaşlary däl,baryp obañ 7 ýaşlysyndan,70ýaşlysyna çenli bilyärdi.
Yöne olar bada bat goş birikdirmäne howlukmadylar.Elbetde ,oglan ýokary okuwa girmäne höwesli bolsa,gyz oña garşy bolup bilermi?!Emma Selime şol ýyl talyp bolmak bagty miýesser etmedi.,,Indiki ýyla çenli synaglara gowy taýýarlanyp,yokary okuwa girmesem meniñem Selim bolmadygym,,diyip öz özüne söz berdi.Şäherde galyp,dükanlaryñ birinde işe durdy.Selbi bilenem aram aram habarlaşýardy.Her hatynda diýen ýaly hem,,Ýa men ejemi ibereýinmi siziñkileriñ ýanyna,,diyip soraýardy.Selbi bu sowalyñ diñe öz göwnüni awlamak üçin aýdylýandygna,oglanyñ öýlenemek dälde,okuw okamak höwesi bilen gaýnap -daşýandygna belet bolansoñ,Selimiñ isleýşi ýaly jogap ýazýardy,,Sen entek okuw okamaly.Toý etmäge haçanam bolsa ýetişeris,,.Yöne Selim birdenkä pikirini üýtgetdi.Ol yokary okuwyñ synaglarynyñ başlaryna garaşyp durmadyda,ilki bilen Watan öñündäki borjuny berjaý etmegi ýüregine düwüp,gulluga gitdi.
Göwnüniñ telwasyna iki ýyl zar bolup gezen Selim,ine,bu gün kalbynda yşk oduny daşdyra -daşdyra,arzuw hyýallara beslene -beslene,aýagy ýere degman,uça uça saglyk öýüne gelende,Selbiden eşiden sözüne nähili bolandyr öýdýäñiz?!.Salamda ýok,hal ýagdaý soraşmakda yok,,gözüñ aýdyñ ,,diýmede ýok.


1-nji bölümiñ soñy.
Yazan:Akmuhammet Hemidow.
14
257
safia
6 Aprel 2021
Arazdurdyyewa_🌹,geç
Arazdurdyyewa_🌹
6 Aprel 2021
Gowy 2nja gecjek
safia
5 Aprel 2021
Serok,minnetdar
Serok
5 Aprel 2021
👍👍👍gyzykly
guli_
2 Aprel 2021
Kejir_,Merjen gelerin diydi mana 2gunden zatdan
safia
2 Aprel 2021
Kejir_,ha,bolyala.Merjen yokla
Kejir_
2 Aprel 2021
safia, okuwlar bn el degenoga telefona elim boshashdy wn aylanyp gorayin diydim
safia
2 Aprel 2021
Kejir_,Huadaýa şükür bizem gowy.görünmediñle,yitdiñä
Kejir_
2 Aprel 2021
safia, Allaha shukur sen gowmy
safia
2 Aprel 2021
Kejir_,gowjamyñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.