Agyr oýa batyr, göwne diñ salyp,
Senden soragyma jogap gözleýän.
Kalbymdaky döran täsin söýgini,
Töwerekden, deñ-duşymdan gizleýän.
Meni Leýli eder gara gözleriñ,
Duýmaýarsyñ ýürekdäki söýgimi.
"Söýýän" diýip,köp wadalar beripdiñ,
Ýada şeýdip, aldadyñmy duýgymy.
Aý-aýdyñ gijeler duşuşyk gurap,
Bagtdan ýaña öz-özümi ýitirdim.
Duşuşan yerimizde ýeke oturyn,
Ähli zady göz öñüne getirip.
Durmuşy başgaça gurap añymda,
Umyt bilen señ ýoluña garaýan.
Jogap bermän gitdin gözlerime garap,
Sensiz günler ýumagyny saraýar....