Ejesiniñ talyp gyzyna ýazan haty..
,,Salam mähriban gyzym.Eger sen bu haty alsañ ,diýmek hatyñ saña baryp ýetdigi.Egerde hat gowuşmasa maña hökman duýdur,men täzeden ýazarn.Men haýal ýazýan,sebäbi señ çalt okap bilmeýänligiñi bilýän.Bärde howa gowy.Geçen hepde-de iki gezek ýagyş ýagdy.
Hepdäniñ başynda üç gün we ahyrynda dört gün.Yogsa-da señ ugrat diýen paltoñ barada aýtsak,men agramy ýeñil bolar ýaly onuñ iliklerini aÿyrdym.Sag jübüsine saldym,baransoñ tikişdirersiñ.Arada jigiñi durmuşa çykardyk.Ýakynda onuñ çagasy bolmaly.Ogulmy ýa gyz boljagny bilemok .Şonuñ üćinem señem daýymy ýa daýza boljagyñy aýdyp biljekdäl.Erkek doganyñ arada kyn ýagdaýa düşdi,ol maşynyny ýapyp açaryny hem içinde galdyrdy.On kilometr ýoly pyýada geçip,öýden açary alyp geleninden soñ,diñe şondan soñ biz maşyndan çykyp bildik.Men saña az owlak pul ugratjakdym,ýöne eyyam konwertiñ agzyny kleýläpdirindä,.Hoş sag bol.
(Degişme).