«Ýagşylyk et-de, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýen nakyl halk arasynda juda ýörgünli. Pederlerimiziň pendi siňen eserlerde bolsa, «Ýagşylyk et — Halyk biler, şunuň özi ýeterlik» diýilýär. Ýene bir pendi-nesihatlarynda bolsa «Ýagşylyk et we unut» diýip, eden ýagşylygyňy ýatlap ýörmezlik, diliňe almazlyk, minnet etmezlik ündelýär. Çünki ata-babalarymyzyň aýtmagyna görä, «Yzyndan edilýän gep-gürrüň ýagşylykdyr sadakanyň sogabyny köýdürermiş». Berekediň egsilip, özüňde bar bolan ukyp-başarnyklaryň hem ýok bolmagyna sebäp bolarmyş. Gadym wagtlarda bir adamyň depesinde elmydama bulut gezer ekeni. Çölüň jöwzasynda dagy ol buludyň gymmatyny san we söz bilen ölçäp boljak dälmişin. Ýolda-yzda sataşan, gabat gelen adamlary hem şol buludyň astyna saýalamaga çagyrar eken. Epgekden pena tapmak üçin, mürähede mähetdel, adamlar hem onuň ýanynda, şol buludyň saýasynda menzil aşar ekenler. Ýöne depesi bulutly adamyň minnetini welin her kim çekip bilmändir. Ol özüniň bu täsinligi bilen buýsanmagy, öwünmegi diýseň halaýar ekeni. «Eger men bolmadyk bolsam, siz bu çölde heläk bolardyňyz. Şu buludyň saýasy bolmadyk bolsa, jöwzada çürüşip galardyňyz. Munuň ýaly salkynja kölegäni baglardanam tapyp bilmersiňiz. Görýäňizmi, men size nähili kömek etdim?!» diýen ýaly sözler bilen gulaklaryny kamata getirer eken. Onsoň, adamlaryň käbiri minnetiň ýalnyna bagryny dagladandan çölüň howruna teniňi dagladanyň has ýeňil diýip, bir sellemden soň ho-ol beýleräkden ýörär eken. Ýok, «aýdar-goýar» diýip, aýdýanyna ähmiýet bermeýän biperwaýlar bolsa, barjak ýerlerine çenli onuň bilen ýörär ekenler. Günlerde bir gün oňa şol çöl ýolunda pukara bende sataşypdyr. Ol ony hem buludynyň saýasyna çagyrypdyr. Gele-gelmäne hem öwnüp başlapdyr. Minnet baryny ýagdyrypdyr. Pukara bende sesini-üýnüni çykarman, käwagt bir «hä-hüm» berip, başyny atyp gelýän ekeni. Ahyry bu minnete buludyň özi hem çydam etmändir. Ýolaýrytda pukara bende öz iline sowulmakçy bolanda, ýaňky öwünjeňiň başyndaky bulut bu garybyň üstüne geçip, ony saýalamaga başlapdyr, öňki eýesinden aýrylyşypdyr. Käteler biz öz minnetimiz bilen juda öte geçip, başarnyklarymyzyň ýok bolmagyna sebäp bolýarys. Onsoňam, eden ýagşylygyňy diliňe çolap ýörmeklik hem uslyp görülmeýär. Magtymguly Pyragy bu hakda «Bir ýagşylyk etse adam biweji, Her mejlisde ýüz ýol tile getirmiş» diýip ýazýar. VII Haramyň soňunyň ýokdugy, uzaga gitmeýändigi durmuş wakalarynyň, tymsallaryň üsti bilen gündelik diýen ýaly gulagymyza guýlup durulýar. Göre-göre gelinýän hakykata göz ýumanyň bilen onuň täsiri, hökümi ýitenok, güýji gaçanok. Haram gazanç ahyry bir ýeriňi böwsüp çykýar. Adamy endişä salýan aladalaryň biri — ertiriň — heniz gelmedik günleriň pikirini etmek. Şu gün şoňa ýygnap, basyryp, basyp goýmasa, erteki gün aç öläýjek ýaly. Janly-jandarlaryň içinde diňe dört zat ätiýaçlyk gor ýygnaýar diýilýär. Şolaryň biri hem adam. Emma «Her günüň rysgy şol günüň özi bilen bile gelýär» diýen ata-baba pähime gulak asýan adamlar üçin howsala düşere, harsydünýälik edere hiç hili sebäp, bahana ýok. Magtymguly atamyzyň: «Ýeter saňa ir-u giç ne ýazylsa kysmatda, Janyňa jepa eýläp, munça gezme hasratda, Sogap ýagşy amalda ýa jud ýagşy niýetde» diýen sözlerini tumar edinip dakynybermeli. Biz öz rysgymyzy azrak emgenip ýa-da eglenip, halal ýol bilen gazanyp bilýärkäk, howlugyp ýa-da hars urup, haram ýol bilen aljak bolmak düýbünden nädogry. Rowaýatlara görä, bir gezek salyh ýagşyzadalaryň biri goňşy obadaky tanşyna hal-ahwal soraşmaga barypdyr. Bedewinden düşüpdir-de, şol ýerdäki ýaş oglanlaryň birinden öýe girip-çykýança atyny saklamagy haýyş edipdir. Ýagşyzada uzagrak eglenendir-dä, wagty bilen çykmansoň, aty saklap duran oglan özüni içki pikirlerine — nebsine oýnadyp başlapdyr: «Şunça sakladym, wagty bilen çykmady. Çykansoňam, «Taňryýalkasyndan» başga zat beresi ýok. Gel, şu atyň jylawyny, uýanyny bazara eltip sataýyn-da, özüm garbak-gurbak edineýin» diýipdir. Şeýdibem, bedewiň ähli şaý-esbabyny alyp, bazar jaýyna ötägidipdir. Barybam, elindäki ähli şaý-seplerini üç dinara satypdyr. Şondan az salym soňra ýaňky ýagşyzada hem öý eýesi bilen daş çykypdyr, hoşlaşypdyr. Aty saklap duran oglana bu hyzmaty üçin üç dinar bermegi ýüregine düwüpdir. Atyň ýanyna gelse, ne oglan bar, ne-de atyň şaý-esbaby. «Men oňa aty saklandygy üçin şu üç dinary bermekçidim. Bähbit bolsun, esbabyny alyp gidipdir, oglan oňarmandyr» diýipdir. Soňra şol ýerdäki ýaş ýigdekçeleriň biriniň eline ýaňky puly tutdurypdyr-da, uýan, eýer, jylaw alyp gelmegi sargapdyr. Bulam bazara baryp, söwdalaşyp, şol bedewiň hakyky öz esbabyny ýene-de üç dinara satyn alyp getiripdir. Atalarymyz aýdýar ahyry «Halal mal eýesine gowşar» diýip. Bu rowaýat şeýle söz bilen jemlenilýär: eger-de şol oglan birazajyk sabyr, kanagat eden bolsa, şol üç dinary halal ýol bilenem aljak ekeni, emma nebsine uýup, ogurlyk edip, haram ýol bilen gazandy. Gadymdan gelýän şeýle bir düşünje bar: «Eger-de bir zady haram ýol bilen gazanmak mümkinçiligi peýda bolsa, pähim et, biraz sabyr etseň, sen şonça mukdardaky zady halal ýol bilenem gazanarsyň. Üstesine, halal gazanjyň berekedi zyýada bolar». Çünki alnyňa ýazylan zat, rysgal, baýlyk, şowlulyk, üstünlik, rowaçlyk, hiç wagt eýesinden sowa düşmeýär. Ynsanlar Hakyň saňa rowa görmedik zadyny dil bilen, göz bilen, söz bilen alarlar, emma maňlaýyňa ýazylan bagtyňy, rysgal paýyňy welin hergiz alyp bilmezler. Ynsanyň özüniň hem bu derejesine halal ýol bilen ýetmegi, halallyk bilen gazanmagy eý görülýändir.