MERSEDES MA$YNYÑA ŸER TAŸŸARLA Çendenaşa hyýalbentlikden ýüz öwrüp, hakyky durmuş bilen ýaşamagy eý görýärin. Akylyma we başarnygyma görä ýüzlenýän adamlar mende hormat duýgusyny döredýär. Şonuň üçinem aýdýankäbir zatlarym saňa birbada geň görünmegi mümkin. «Haçandyr bir wagt satyn aljak «Mersedes» maşynyň üçin şu wagtdan ýer taýýarla» diýsem, ýüzüme çiňerilip seredersiň. Ynan, men oýun edemok ýa-da hyýallaryň üstünde uçup ýöremok. Bu ýerde saňa ýetirjek bolýan zadym, uly arzuwlaryňa örän uly ähmiýet bilen bakmalydygyny ýatlatmak isleýärin. Arzuw et, özi hem uly arzuw et, göz öňüne getir we garaş. Oňa ýetmegiň diňe wagta bagly. Arzuw edeniňde, özüňi wagtdan başga zada mätäç däl ýaly duýAslynda, bu ýerde «Mersedesiň» özi hiç zady aňladanok, «Mersedes» bu ýerde siziň beýik arzuwlaryňyzy aňladýar. Belki, seniň iň beýik arzuwyň ähli gowy kitaplary ýat tutmakdyr ýa-da millioner bolmakdyr. Esasy zat, öňüňde aýdyň we kesgitli maksat goý. Maksatlaryňa ynan, olaryň hökman hasyl boljakdygyna, bu gün bolmasa ertir bir sebäp bilen ýüze çykjakdygyna ynan. Soňra seni şol ýere eltjek sebäpleri gözle, tap, ýapyş we öňe ynamly hem-de batly ädim ur. Belki, sen henizem munuň näderejede ähmiýetli we aýdyňdygyna akyl ýetirýän dälsiň, emma ýadyňda bolsun, kiçi arzuwlary hasyl etmek üçin nähili yhlas we zähmet gerek bolsa, uly arzuwlary hasyletmek üçin hem şondan köp zat gerek däl. Ikisine sarp edilýän güýç des-deňdir. Şeýle bolsa, onda arzuwlaryň hörpi belentden gopsun. Galanyny hudaÿyñ ozi kömek etsin!