Juwan
26.03.2021 18:17
DILEWARLYK UKYBYNY ARTDYRMAK HAKYNDA


Adamzat dili shirin zaban bolmalydyr, nakes adamlardan dilini saklamalydyr.
Sen dogry sozlegin, kezzap bolmagyn, zeruryyetchilik chykyp yalan sozlaymeli bolanda-da gepine ynanylar yaly, dogruchyllyk babatda meshgurlyk gazangyn. Aydan zatlaryn bary chyn bolsun, yalana chalymdash dogry zat sozlemegin, chunki shol yalana ynanylar welin, chynyna ynanmazlar. Oynaklap gurleme, gonilap hem gaty gayrym sozleme mylakatlylygyny elinden we dilinden sypdyrma.
Sen birzady bilip goy sozlenyan soz 4 hili bolyandyr:
- bilinmegem aydylmagam gerekdal soz;
- bilinmegem aydylmagam gerek soz;
- gurrun berilse bolya yone bilinmegi gerekmejek soz;
- bilmelide gurrun bermeli dal sozdur.
UNS BER! :
- dine shek yetiryan sozler bilinmelem, aydylmalam daldir.
- bilinmegem, aydylmagam hokmany sozler: dinin we dunyanin eshreti bilen bagly sozlerdir. Olar iki dunyede-de zerur sozlerdir.
- bilinmegi hokmandal yone aydylmaly sozler bolsa, hadyslarda, Gurhan kitapda, wagyzlardaky Allan sozleri, musulman kitaplardaky hem-de ylmy kitaplardaky sozlerdir. Chunki bu sozler dine oykunmekden ybaratdyr.
- bilmelide yone aydylmaly dal soze SYR diyilyar: mysal uchin senin gardashyn ya-da senden uly adam sana oz syryny aytsa, sen hem ony ozgan yanynda aydyp äshgar etsen, ulynyn ya-ha zarbyna galarsyn ya-da sen ondan payysh sozleri eshdersin, gardashyna bolsa mydamalyk yara salarsyn, onun aybyny acharsyn we sen sheydip mydamalyk utanyp gezmeli bolarsyn ya-da kichelmeli bolarsyn!
Märekänin onunde bolgusyz soz berilmezden gurlemegin, sozlesen-de ol halkyn gownunden tursyn! Sozlande äheñ derejesi bilen sozle! Chunki beyik hem dana adamlary gep urushlaryna gora tanalylyandyr. Aly sheyle diyipdir: " Herkim oz sozunin alnynda durandyr" diyipdir. Bir sozi kalp bilen aytsan, ynsanyn hem kalby artar, shol sozi bashga hili edip aytsan onun motalasy tutular. Ilin gepi senin uchin yalan hem agyr bolsa-da suhanwerligini yitirme, onun jogabyny sarpa goyup gaytargyn we yalnyshyanlygyny sozune dushunilen ahende tankytlagyn yone gownune degiji bolma. Eger sozune ozun dushunmeyan bolsan senin Totugushdan name tapawudyn bar? Suhanwer diyip: soz gadyryny bilyan we bilinyan adama aydylyandyr.
Aydylan her bir sozi dykgat bilen dinle we jogabyny bermage howlukmagyn, ony seljerip yeri geleninden jogabyny gaytargyn, sana aydylan sozi jogapsyz goyma ozuni pespallikden tut, nache senin dash sypatyñ sypatsyzlygyna garamazdan ol barybir senin hakyt sozune tabyn bolar. Sen esasy zady bilip goygun, dilewarlykdan bashyny chykaryp bilmesen Az gurle we Kop dinle! Galanyny allanyn ozi komek etsin!
11
158
safia
28 Mart 2021
👍👍👍Az gürle,köp diñle.
N.Meredow
26 Mart 2021
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.