Gadymy Köneürgenç - Köneürgenç topragy türkmen halkynyň we bütindünýäniň deňsiz—taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özinde jemleýär. Onuň ýadigärliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, wagyz etmek, dünýäniň ähli halklarynyň möhüm wezipesidir. Köneürgenjiň dünýä ähmiýetli medeni merkezi, owadan şäheri bolandygy hakynda dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary habar berýärler. Bu günki gün şol baý geçmiş taryhdan aýry—aýry—gaýtalanmajak sungat hökmünde binagärlik ýadygärlikleri bolup, bize miras galypdyr. Köp taryhy we durmuş kynçylyklaryny başdan geçiren şol gadymy şäheriň taryhy—medeni ýadygärlikleri 2005—nji ýylda ÝUNESKO-nyň “Dünýä mirasynyň sanawyna” girizildi. 2008—nji ýylyň Sentýabr aýynda Türkmenistanda “Nejmeddin Kubra we Gündogaryň ruhy—medeni dünýäsi”, şeýle—de 2010—njy ýylyň Dekabr aýynda Daşoguzda “Köneürgenç türkmen döwleti we Merkezi Aziýa XIII asyryň birinji ýarymynda” atly halkara maslahatlary geçirildi. Maslahatlaryň maksady dünýäniň taryh ylmynyň öňdebaryjy ýörelgelerini nazarda tutmak bilen, Köneürgenç Türkmen döwletiniň taryhyny öwrenmekden, daşary ýurt alymlarynyň tejribesini umumylaşdyrmakdan hem—de şoňa degişli täze çeşmeleri aýan etmekden, arheologik ýadigärlikleri öwrenmekden, rejelemekden we gorap saklamakdan, şeýle hem türkmen halkynyň gadymy, orta asyr, täze we häzirki zaman taryhyny, medeniýetini we halk döredijiligini öwrenmek boýunça geçirilýän ylmy barlaglaryň täze taslamasyny durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdy. Ata—babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni ýadigärliklerini giňişleýin öwrenmegiň, olary abat saklamagyň we geljekki nesillere ýetirmegiň, täze tapylan tapyndylaryň we çeşmeleriň dünýä ýaýradylmagynyň wajyp ähmiýeti bardyr. Ürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde—de, öz ösen medeniýetini, ylmy, sungaty bilen—de has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelipdir. Dürli sebäplere görä paýtagt bu ýerden göçürilýär. Başga ýerden (häzirki Horezmde) täze şäher salnyp, oňa hem Ürgenç diýip at goýýarlar. Ilki Ürgenç bolansoň, muňa “öňki, gadymy” manysynda “Köneürgenç” diýip at goýupdyrlar. Bu ýerde hem her bir ýadygärligiň, her bir depäniň uly taryhy, gyzykly rowaýatlary bardyr.