Ynsan Ahwaly
17.03.2021
1
Durmuş
12
1 198
Ahwal


Durmuşyň bagtdan, şatlykdan, lezzetden ybaratdygy hemmä mälim. Ýöne Haktagala her ynsana rowa görenini peşgeş berýär. Ykbal bizi asla pikir etmedik menzillerimize ýolagçy edýär. Elbetde, biz ähli zada dogry düşünmeli. Sebäbi iki pikiri birikdirýän bir düşünje bar. Ol paýhas. Kähalatlar başymyza iş düşse çykalga gözlemäge derek özümizi oda-suwa urýarys. Soňam oturyp-oturyp durmuşy çylşyrymlaşdyrýan zadyň serimizde aýlaýan bijaý pikirlerimizdigine akyl ýetirenimizde ýalňyşandygymyzy kabul edýäris. Bir dananyň aýdyşy ýaly: «Aňly bolmak gowy, akylly bolmak zerur».

Adamzat kalbyny gowy häsiýetler, durmuşyny owadan öwrümler, jemgyýeti arzuw edýän ajaýyplyklary bilen diňe özüne berlen ukyp esasynda baýlaşdyryp bilýär. Dogry we dürs pikirlenip bilmek üçin ynsana ilkinji nobatda ukyp, erk we başarjaňlyk zerur. Eger ynsanyň düşünjeleri akyl babatda ejiz bolsa, kynçylyklaryň ýüze çykmagy onuň kämilleşmegine bökdençlik döredýär. Kämil bolmak üçin bolsa hemişe oýlanyşykly hereket etmeli. Şonda hyýallarymyz hakykata öwrüler. Kimdir biriniň saňa bolan gowy garaýşyny, sylag-söýgüsini, ynamyny gazanmak üçin akyl-paýhas derwaýysdyr. Adam bilen durmuşyň arasynda mydama çekeleşikli ýagdaý höküm sürýär. Maksatlary anyk hem aýdyň ynsan tutanýerlidir. Hötjetlik ykbaldan garaşýanlarymyzy düýbi-damary bilen ýok edýär. Paýhasly adamyň başyny başlaýan işleri haýyrly, bähbitli ýollara ilerleýär. Diňlemegi, ýeri gelende dymmagy başarýan ynsan durmuşda gabat gelen kynçylyklary ýeňilleşdirmegi-de başarýar. Ine, ruhy kämillik. Amal we talap. Akylly-başly gürlemek başardýan zat. Emma akylly hereket etmek aňsat däl. Hiç bir ynsanyň amal etmedik zadyny talap etmäge haky ýokdur. Ynanaýyň, şonda hiç haýsymyz ýazgarylmarys.
Myhman Myhman
10 Sentýabr 2022
Gaty gowy berekella
RuníA
27 Awgust 2022
Gowy.
ShBashimovich
27 Awgust 2022
Mlds 👍👍👍
Myhman Myhman
16 Awgust 2022
Gaty manyly söz ýok
halmyrat_gmail_com
4 Aprel 2022
MahymM_🌹, sen oglanmy ya oglan diydirmek ucun oglanyn suratyny goydunmi
Myhman Myhman
20 Fewral 2022
Guwanjow agam nadim registrasya bolmaly ya ona nomer gerekmi ya parol paroly nadip yazylyar

Guwanjow agam paroly nadip yazylyar
Myhman Myhman
15 Fewral 2022
Gaty gowy eken 👌👍🤗
Myhman Myhman
28 Mart 2021
muna nädip yazmaly dine teswir yazylýamy düşündiriñ🙏
MahymM_🌹
26 Mart 2021
Täsin🌹
Myhman Myhman
26 Mart 2021
Gaty gowy Berekella👍👍😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.