M.Myratgulyyeva
16.03.2021 19:59
Güller.🌷🌹-K.Gurbannepesov.
Howlymyň içinde bir bölek ýere
Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary.
Birisi gyrmyzy, birisi gara,🌷
Birisi mämişi, birisi sary.🌻

Şu gün gapymyzdan geldi bir myhman,
Geleni bäri hem gözleri gülde.🌼
Şol seredip otyr gözlerin gyrpman,
Göýäki diýersiň bi suwsuz çölde.
Bütin ömürboýy zar bolup güle,🌺
Doldurýan ýalydy şonuň öwezin.
Myhmanym seredýär ''Gijegözele'',🌸
Myhmana seredýär ''Gijegözelim''.🌷

Owadan gözlerin ertirden bäri
Aýryp bilmän otyr owadan pelden.
Goşgy goşmasa-da, tüýs şahyr borly-
Bir pursat sowaýsa gözlerin gülden,
Göýä güller göçüp ötäýtjek ýaly,
Bakýardy ''Nerkese'', gyzyl''Piona'',
Bakýar ''Georgine'', ''Gijegözelne''.

Men güle-de aşyk. Güli söýýänleň🌹
Özüne-de aşyk. Hem güle bakýan
Hem myhmana bakýan.
Güller hakynda
Bir ajaýyp pikir
Aýdar ol hökman.

Edil diýşim ýaly. Içdi-de çaýyn,
Sözledi gül hakda ajap bir beýdi-
''Beýdip munça ýeri zaýalap nätjek...
Pomidor ekäýseň bolmaýamy!..'' diýdi.😊😄😞😐
11
155
Ovezova_
16 Mart 2021
aýtäç, ha dogry
aýtäç
16 Mart 2021
Ovezova_,menä tel oýnap ýatyrn
Ovezova_
16 Mart 2021
aýtäç, gowy kino goryan sen
aýtäç
16 Mart 2021
Ovezova_,Gowymy näme etýäň
Ovezova_
16 Mart 2021
aýtäç, sanada Salam
aýtäç
16 Mart 2021
👍👍👍👍

Salam hemmä🙋
ideallider
16 Mart 2021
M.Myratgulyyeva, howwa.
M.Myratgulyyeva
16 Mart 2021
IDEALLIDER, hehe, byňada şükür diyilýäni😊😊
ideallider
16 Mart 2021
Näme bolsada goparmandyr, Kerim agada şükür etsin😄👍
M.Myratgulyyeva
16 Mart 2021
Hawwa soňunda hem gynandyrýa😯, hem-de güldürýäda😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.