Iýýärkañem iýgin diýer,
Geýýärkäñem geýgin diýer
Garry ENEÑ ýaşap ýörkä,
Dünýäñ özem seni söýer...
Gözleri yoluña bakar,
Büdüreseñ üstüñi kakar.
Dayaw egniñ çekmedigini,
Päk ýürekli EJEÑ çeker.....
Zähmetkeş, alçak, çeýedir,
Beren sözüne eýedir
Ejeñden soñ seniñ üçin
Janyny gyýjak UÝADYR....
Kaka: " bärik geläý" diýer,
"Bäşlik aldym göräý" diýer,
Usul tapyp mekir GYZYM
Kakajan pul beräy diýer...
Peýdañ köp, azdyr zyýanyñ,
Ugruñda bolar hyýalyñ
Bütin dünýäñ dynçlygydyr
Iññildemese AÝALYÑ...
Ýap gözeldir suwy bolsa,
Suw gözeldir guwy bolsa,
Aýal bilen oñuşylar
Eger GAÝYN ENEÑ gowy bolsa....
"Yuwürjimä ýuwürjimä
Seniñ bilem dünýäm giñä"
Diýip iş buýrar GELNEJEÑ
Neneñ añsat neneñ kyna....
Güler ýüzi bir maýsadyr,
Sözleri ýiti naýzadyr.
Toýlarda joşup ylgajak,
Mähriban alçak DAÝZADYR...
Bagt guşy başyñyzda
Ýaz bolarlar daşyñyzda
Buýsanyñ siz goç ýigitler
Şunça MÄHIR daşyñyzda.....
Kerim HALLY
Hormatly öwrenmeli programmasynyn mahirli mahriban owadam gyzlary sizi yetip gelen 8 mart bayramynyz bn gutlayan goy yuzunizden gulki hic wagt solmasyn. Bahar gulleri yaly hemise durmusynyzam owadan bolsun.....