Jenap_02
08.03.2021 03:59
Zenan diýmek eneňdir, ýary gije ýatandyr
Daň saz berse dogandyr, aňzaklarda dogandyr,
Hor zar etmejek bolup, gije gündiz eňendir
Sebäbi ol - ENEŇDİR

Zenan diýmek uýaňdyr, ýüzüň nury tuwagy
Utanjyňdyr, haýaňdyr, ýagşy günde begenjiň kyn günüňde söýäňdir
Saňa geljek belalaň öňündäki gaýaňdyr
Sebäbi ol - UÝAŇDYR

Zenan diýmek ýaryňdyr ömürlik ýan ýoldaşyñ
Baýlygyňdyr, baryňdyr, alawlaýan ojagyň, namysyňdyr-aryňdyr
Keşgiňi deň çekişýän ýakyn howandaryňdyr
Sebäbi ol ÝARYŇDYR.

Zenan diýmek gyzyňdyr
Teşne kalbyň gandyrjak aýdymyňdyr-sazyňdyr
Ömre şatlyk getirjek gül gunćaly bagyňdyr
OGLUŇ BİLEN DEŇ DURJAK DOWAMYŇDYR, YZYŇDYR
Sebäbi ol GYZYŇDYR

Zenan diýmek dünýedir adamzada dowamdyr
Gelip gidýän demiňdir, sorup alýan howaňdyr
Zenan başy dik bolsa ýaşaýşa güwäňdir
Ondan gymmat zat bolmaz, tumaryňdyr, dogaňdyr
Çünki zenan-ýaryňdyr, çünki zenan gyzyňdyr, çünki zenan-uýaňdyr, çünki zenan eneňdir.


21
395
Dusia
23 May 2021
Kimdirbiri, ýetişemsoň köp görünýändirin. Biohimiýaňy nätdiň boldymy?!🌸🙂
Kimdirbiri
23 May 2021
Dusi eygilikmi okuwlanna yetsyañ oydyan owrenmelide kop gorunyañ wn
Dusia
23 May 2021
Kimdirbiri, Ýusup senmiň?!😲 Manýak nä aydaňok haçandan bäri
Dusia
23 May 2021
Kimdirbiri, 🙄🙄🙄❓
Dusia
23 May 2021
Jenap_02, salawmalikim agam 🙂 ýitdiňle?!
Jenap_02
9 Mart 2021
M_🌹, salam

Dusia, hovo sebabi ol uyamdyr❤️😅
M_🌹
8 Mart 2021
Salam
Myhman Myhman
8 Mart 2021
👍👍👍👍
Ovezova_
8 Mart 2021
👍👍👍🤗
Myhman Myhman
8 Mart 2021
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.