Magistral
Ömrüň agajyndan düşüp dur günler,
Saralan ýapraklaň düşüşi ýaly.
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler,
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.
Söýgi günleriniň adaty, ine:
Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy,
Aşyklar duşmasa biri-birine,
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.
Her hal säher tüm çetinden jyklanda
Rugsat berenden soň haýbatly horaz,
Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar!
Söýülse, Gün — dogsa dogmaly wagty,
Ine, adamzadyň iň zerur bagty!
Gurbannazar Ezizow
Öňki bölümleriň her başky we soňky setirlerini hem okap görüň!