jemal_seyitniyazowa
24.02.2021 10:24
...Şol diýip
Ýüz ýigit düşüpdi yşka,
Gyz bolsa birine beripdi göwün.
Toýda
Tutuş oba gülüpdi...Ýöne
Togsan dokuz ýigit
Aglapdam,şo gün

Şeýdip oba gyzy bolupdy gelin...
...Gelinlik has beter
artdyrdy görkün
Goşa egni göýä terezi kimin
Üstünde deň saklap
gözellik ýükün,

Görk bilen akyly ölçeýän ýaly
Des deň bolup durdy
(Kän kän eginler
Taý getirip bilmän şol iki ýüki,
Ýeňil tarapyna bökýär kä günler).

Ýaşyl ketenili dim dik eginler,
Keteniň üstünden gögerçin gyňaç--
Şowurdap işikden toýa geçende,
Eneler diýerdi:"Şuň ýaly agaç,
Gök ýaprakly agaç,saýaly agaç
Meniň balama-da salsyn-da saýa!"
Ol bolsa ýuwaşja ýylgyrýandyr-da,
Uz basyp barýandyr
Toý tutýan jaýa.

"Öwünýän-ow"...diýip
gark bolmaz oýa
Gümradyr öz küýi,öz işi bilen.
(Oň bilen müň kişi gümradyr welin,
Ol gümradyr diňe,
Bir kişi bilen....)

Biri iliň-günüň alkyşy bilen,
Garramajak bolsa,ol sona gelin
Garramaly däldi.Emma elli güýz
Oňa elli ýerden urupdyr elin.

Kakypdyr ýapragyn döküpdir gülün.
Diňe gözlerinden çen etdim gelni.
...Seniň häsiýetiňe,
Belet men,wagt
Ýöne Senden bir zat sorasym geldi:

Teý bolmanda,
Käte,
Şuň ýaly gelni,
Gorap bileňokmy
Ýel,gzdan-posdan?
Näme üçin Saňa Gözellik bolsun,
Ha Bedroýlyk bolsun
--hemmesi des-deň?

Des-deň däldir!
(Güňlenç seslendi wagt):
Men hem Gözelligiň aşygy,ogul.
Ýöne...borjum şeýle...
Wagtyň gözünden
Ýere tütäp gaçdy bir tokga nogul.
Ýalançy nogulmy?
Ýa çyn nogul?
Çynçy!Ýalançy nogul tütärmi eýsem.
...Sen hem-ä talaýaň,
hemem lowlaýaň...
Jellatmyň şahyrmyň--
Aýtsana,kim sen?

Kerim Gurbannepesow

#ilkinjipost'um
22
447
guli_
24 Fewral 2021
👍👍👍
jemal_seyitniyazowa
24 Fewral 2021
Ovezova_,menem
Ovezova_
24 Fewral 2021
JemalSeyitniyazowa, 🙂tanshanyma shat 👌
jemal_seyitniyazowa
24 Fewral 2021
Ovezova_,🙃bolýar
Ovezova_
24 Fewral 2021
JemalSeyitniyazowa, elbetde oz isleginiz menki dine sorag
jemal_seyitniyazowa
24 Fewral 2021
Ovezova_, ol mende galsa!!
jemal_seyitniyazowa
24 Fewral 2021
Ovezova_,bagyşla diýmek gerekdälä bolýar👍
Ovezova_
24 Fewral 2021
JemalSeyitniyazowa, ha bashga biri bn garyshdyrypdyryn bagyshla
jemal_seyitniyazowa
24 Fewral 2021
Ovezova_,ýokla 8de
jemal_seyitniyazowa
24 Fewral 2021
Ovezova_, ahal
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.