Tasinlikler Dunyasi
03.01.2020 18:54
GARYNJADAN HAT!

Hormatly öý eýeleri!

Bizi halamaýandygyňyzy bilýäris. Eger bizi çyndan hem öýüňizde islemeýän bolsaňyz, haýyş edýäris, BIZI ÖLDÜRMÄŇ!

Men hyýaryň gabygyny ýigrenýärin. Çykýan ýerimi yzarlap, hyýaryň gabygyny goýsaňyz, men siziň meni islemeýändigiňize düşünerin we öýleriňize girmerin. Hek ýa-da ýönekeý okuw tagtasy heki bilen ýoly çyzsaňyz, men ol çyzykdan hiç haçan geçmerin. Eger-de limony owunjak dograp, girýän ýerleriňize goýsaňyz, biz düşüneris we girmeris. Mundan başga-da, eger sizi birahat etmeýän bolsa, penjiräniň gyralaryna sarymsak çalyp bilersiňiz. Biz sarymsagyň ysyny alan ýerlerimize-de girmeýäris.

Ýöne, haýyş edýäris, çaga pudrasyny sepmäň. OL BIZI ÖLDÜRÝÄR, pudra biziň dem alyş ýolumyzy ýapýar.

Eger siz bulary etseňiz, biz sizi hiç hili birahat etmeris.

Ýöne, unutmaň, öýüňize salmasaňyz hem, gapyňyzyň öňüne bir gap suw goýsaňyz, kiçijik dostlarymyň adyndan size minnetdar bolaryn…
21
1 080
Feruza
12 Yanwar 2020
Garynjanam edil adam yaly Alla yaratdy olarynam bu dunyade yashamana edil adam yaly umydy bar
Jemal Begenjowa
6 Yanwar 2020
?????
Myhman Myhman
6 Yanwar 2020
Dogry aýdypdyr öldiresim gelenok ýöne kiçi zat bilmän basylýa gynanýan şoňa olar üýşip gatnasalar begenip seretyan şolara haýran galyp özlera garynja bir biriniň öňne çolaşsalaram ýene ýoluny dogam etyaler adamlar bolsa beýle däl dawwa etýaler.?
M.B.N
4 Yanwar 2020
Kä wagt oturyp oturyp ozüm adam bolup haýwanlara yada şu dünýä peýdaly näme iş etdim diyen sorag kelläme gelse özümden utanýan sizde hem bolýamy?!
babamyrat
3 Yanwar 2020
???
Leylaşka
3 Yanwar 2020
Siz hem oye girmeseňiz bizem minnetdar bolardyk. Sebabi girseniz öllürmägede dözemokda?
ÂŶŁÂŁÈ
3 Yanwar 2020
Garynjadan salam hat????
Myhman Myhman
3 Yanwar 2020
☺️??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.