Soradym men Döwre bakyp.:
«Dogrudanam, şeýlemiň sen?
Hany antyň? Hany haýaň?
Serhoşmyň, sen? Telbemiň sen?»
Döwür maňa jogap berdi:
«Men hemişe size bagly.
Ulaldýan hem adam ogly,
kiçeldýän hem adam ogly.
Biri çekýär ýagta tarap,
biri çekýär gijä tarap –
Uly çekýär ula tarap,
kiçi çekýär kiçä tarap.
Ýagşylara arka durdum,
ýamanlary gaýgyrmadym.
Dogrulyga çagyrdym men,
egrilige çagyrmadym.
Ýalan gepi diý diýmedim.
Döwlet pulun iý diýmedim.
Iki sygryň bahasyny
köýnek edip geý diýmedim.
Münmek üçin maşyn berdim,
ýüz elliden bas diýmedim.
Daranmaga darak berdim,
dort örümiň kes diýmedim.
Dynç almaga wagt berdim,
okamaga – bagt berdim.
Jübiňizden hak almadym,
öz kisämden mugt berdim.
Bugdaýňyzy orup berdim,
pagtaňyzy ýygyp berdim.
Her gün içjek süýdüňizem
güjürdedip sagyp berdim.
Söýüşseňiz – ýigit berdim,
söýülseňiz – gözel berdim
Lak atmaga söz tapmasaň –
goşgy berdim, gazal berdim.
Dertleseňiz – derman berdim,
işleseňiz – zähmet berdim.
Ýaşamaga al baýdakly,
adalatly Döwlet berdim.
Bezedim men egniňizi,
doýurdym men garnyňyzy.
Ýöne weli käbiriňiz
ýelä tutup burnuňyzy,
Bar garany maňa sürtüp,
Etseňiz-de uly gowur,
Dünýe döräp bolan däldir.
Meniň ýaly Uly döwür...
Siz etmeli ömri ömür,
Siz etmeli döwri döwür!»
Soňy
Kerim Gurbannepesow