* * *
– On otagly köşk gurupsyň.
Keşşik aga, berekella!
Ýöne bu on... köpräk dälmi
dört-bäş sany gara kellä?
Görýän weli, bir aýlyk däl:
kisejigiň örän agyr.
– Aýlyk bilen iş bitenok.
Döwür şeýle, döwür.
* * *
– «Moskwiçli», Žigulili»
köp duşupdyň uly ýolda.
Bu gün bolsa garažyňda
lowurdap dur mele «Wolga».
Bir başyňa nämä gerek
munça rul, munça tigir?
– Satýas, alýas... Alýas, satýas...
Döwür şeýle, döwür.
* * *
– Köşek, nirä howlugýarsyň?
Ajalamy? Jenaýata?
Kabinaňda – mele gelin.
Özüň bolsa – juwan ata.
Bäş-on minut giç barsaň-da,
toý eýesi eder sabyr...
– Döwre görä sürmek gerek.
Döwür ýyndam, döwür.
* * *
– Aý, goňşy jan jan, aýaklaryň
kesildi-le işigmizden
Ozallar-a tä ýatýançak
düşmezdiňem düşegmizden.
Ýatlaşardyk geçenleri.
Okaşardyk goşgy-şygyr.
– Şygyr-pygyr ýatdan çykdy.
Döwür şeýle, Döwür.
* * *
– Magaziniň takrap ýatyr.
Planyň hem uklap ýatyr.
Gerek zady, geçgel zady
haçan aljak, Mämmet müdir?
Bu gün-bu gün, ertir-ertir.
Gutardy-la takat-sabyr.
– Zat bermeseň – zat berlenok.
Döwür şeýle, Döwür.
* * *
– A-haw, dogan, düýn dälmidi
öz dostuňa wepaň hakda
Güp-güp edip, gant deregne
ant içýärdiň tokga-tokga.
Indem dosta şyltak atyp, dübläp
ýörsüň gübür-gübür
– Işim bitdi. Antym ýitdi.
Döwür şeýle, döwür.
* * *
Öňümden bir ýigit çykdy
ýetmiş ýaşly garry ýaly.
Düýnem daýaw bir ýigitdi
dagda biten gargy ýaly.
Bu gün bolsa garynja dek
zordan ýörýär gybyr-gybyr...
– Şahyr, ýör bir... üçleşeli
Döwür şeýle, döwür.
Kerim Gurbannepesow
(Dowamy bar)