Greenleaf
11.02.2021 00:40
Dünýe döräp, heniz şeýle ajaýyp döwür bolan däldir. Emma käbir naýynsaplar özleriniň ähli aýyplaryny döwrüň ustüne atýarlar.
(Ýaşulular Sowetiniň maslahatynda bir gojanyň aýdanyndan)

– A-gyz, näme, hanmydyň sen!
Geýinýärsiň beýle gymmat?
Her ýaglygyň – iki goýun.
Her ýüzügiň – bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna
alyp boljak iki sygyr.
– Iller geýýär, menem geýjek.
Döwür şeýle, döwür.


Gelin, näme dänjirýärsiň?
Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir:
kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň,
hem dişiňe berdiň jebir...
– Iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– A-how ýigit, bu nä boluş!
Ýeňsäň saçy iki gujak!
Bu gün-erte ogluň bolsa,
sallançak hem ýasap boljak.
Hany derrew il görmänkä
sertaraşa tarap ýüwür!
– Iller şeýdýär, menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.


– Men-ä seni tanamadym.
Gözleriň-ä örän tanyş
Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen!
Saçyň näme ýarty garyş
Dört örümiň şemal degse
seslenerdi şowur-şowur,
– Iller kesdi, menem kesdim
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Goňşym diýdi: «Toýdan bäri
iş edenok oglum Anna
Ogluň Anna iş edermi!
Öýün goşy – dokuz tonna
Ojakda-da öweç eti
bylkyldap dur bygyr-bygyr...
–Wah, şeýdýäs-dä... Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.


–Dur, dur gardaş! Konwertiňi
atma poçta ýaşigine
Işligini görmesem-de,
seredeýin daşlygyna.
Muň yzynda goluň ýok-la!
Näme barka, için çöwür?!
– Çöwürmäge gaýrat ýokdur.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– Şägirt inim, eserleriň
setir sany çykdy çenden
Kitaplaryň galňadykça,
okalýarsyň günbe-günden!
Setirleriň arasynda
ne ýürek bar, ne-de bagyr...
– Şu günki öýken... besdir maňa.
Döwür şeýle, döwür.


Omzy bilen bir gojany
kakyp geçdi daýaw oglan.
– Ýeri köçä sygaňokmy,
garynjygy doýan oglan?
Degmedige ýylanlaram
degmezmişin ömür-ömür.
O diýýäniň ertekidir.
Döwur şeýle, döwür.


* * *
Aýna bakyp bezenip dur
çynar boýly Ogulsenem.
– Hanha seret, hamyry-da
ýugrup otyr syrkaw eneň.
Hany derrew eliň ýuw-da,
iýjek nanyň özüň ýugur!
– Ejem jandan aýlanaýyn!
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Iki mellek ortasynda
gygyrşyp dur iki goňşy.
Ýeke garyş ýer üstünde
turýar «watançylyk» urşy,
– Agam, sen bir parhlyrak bol,
nämä gerek munça wagyr?
– Parhly bolsaň nyrhyň bolmaz.
Döwür şeýle, döwür.
Kerim Gurbannepesow
(Dowamy bar)

12
109
Myhman Myhman
11 Fewral 2021
👍👍👍👍👌👏
guli_
11 Fewral 2021
👍👍👍
Dowletyar
11 Fewral 2021
Mlds
AdyýokPlanyýew
11 Fewral 2021
Öz döwrüniň Magtymgulysy gaty gowy gosgy👌🏻👌🏻👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.